Dünýäde balygyň iň köp iýilýän görnüşleri

Amul Info ·

Dünýäde balygyň iň köp iýilýän görnüşleri

Balyk dünýäniň köp halklarynyň iýmitlenişinde möhüm orun eýeleýär. Deňizlerden, derýalardan we köllerden alynýan balyk önümleri dürli ýurtlaryň aşhanasynda giňden ulanylýar. Şolaryň arasynda tunes balygy gyzyl reňkli, dykyz eti we özboluşly tagamy bilen tapawutlanýar. Onuň käbir görnüşleriniň…

Howanyň salkynlamagy bilen balyk önümlerine bolan isleg has-da artýar. Käbir adamlar deňizleriň, derýalaryň we kölleriň kenarlaryna balyk tutmaga gitmegi halaýan bolsa, beýlekiler restoranlarda dürli balyk tagamlaryny dadyp görýärler. Balyk dünýäniň köp halklarynyň iýmitlenişinde möhüm orun eýeleýär.

Maglumatlara görä, dünýäde her ýyl 90 million tonnadan gowrak balyk tutulýar. Şol möçberiň 79 million tonnadan gowragy deňizlerden, takmynan 11 million tonnasy bolsa derýalar we köller ýaly süýji suw çeşmelerinden alynýar.

Balyk önümçiliginde Hytaý, Indoneziýa, Hindistan, Wýetnam, Peru, Russiýa, ABŞ, Norwegiýa we Filippinler ýaly ýurtlar öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Balyk sarp edilişi boýunça bolsa Hytaý, Hindistan, Indoneziýa, ABŞ, Ýaponiýa, Islandiýa, Maldiw adalary, Kiribati, Portugaliýa we Koreýa Respublikasy iň köp balyk iýýän ýurtlaryň hatarynda görkezilýär.

Dünýäde balygyň dürli görnüşleri iýmit hökmünde ulanylýar. Olaryň käbiri tagamy, käbiri bolsa etiniň gurluşy we iýmitlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şolaryň arasynda tunes hem giňden tanalýan balyklaryň biridir.

Tunes deňizlerde duş gelýän we dünýäde giňden sarp edilýän balyklaryň biridir. Onuň eti gyzyl reňki we dykyz gurluşy bilen tapawutlanýar, käbir görnüşleriniň eti sygyr etine meňzeş bolýar.

Tunes skumbriýa balyklary maşgalasyna degişlidir. Bu toparyň dürli görnüşleri bar. Olaryň arasynda kiçi göwrümlileri hem, örän iri balyklar hem duş gelýär.

Iň kiçi görnüşleriniň biri bolan çyzykly tunes, adatça, 10 kilograma çenli agramda, 40–80 santimetr uzynlykda bolýar. Atlantik gök ýüzgüçli tunes bolsa bu toparyň iň iri görnüşleriniň biridir. Onuň agramy 800 kilograma, uzynlygy bolsa 4 metre çenli ýetip bilýär.

Tunes balygy tagamynyň aýratynlygy we dürli usullarda taýýarlamak mümkinçiligi sebäpli dünýäniň köp ýurtlarynda isleg bildirilýän deňiz önümleriniň biridir.

Источник: Amul Info