Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly migrasiýa meseleleri boýunça sebit Jarnamasyny kabul etdiler

Amul Info ·

Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlary howanyň üýtgemegi bilen bagly migrasiýa meseleleri boýunça…

Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň alty döwletiniň wekilleri COP31 maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly migrasiýa meseleleri boýunça «Ýüpek ýoly» atly sebit Jarnamasyna gol çekdiler. Resminama sebit ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, howa töwekgelçiliklerine sezewar…

Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň wekilleri howanyň üýtgemegi şertlerinde ilatyň hereketliligi we migrasiýa meseleleri boýunça «Ýüpek ýoly» atly sebit Jarnamasyna gol çekdiler. Resminamanyň kabul ediliş dabarasy BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çärede boldy.

Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça milli komitetine salgylanyp, «Biznes Türkmenistan» habar berýär.

Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ministrleri hem-de ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) ýolbaşçylary, bilermenleri we beýleki degişli halkara düzümleriň wekilleri çärä gatnaşdylar.

Kabul edilen Jarnama howanyň üýtgemegi bilen şertlenen migrasiýa meselelerinde sebit derejesindäki dialogy pugtalandyrmagy we döwletleriň bilelikdäki hereketlerini utgaşdyrmagy maksat edinýär. Resminamada howanyň täsirlerine has köp sezewar bolýan ilat toparlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem her bir döwletiň milli ileri tutýan ugurlaryny we ösüş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň dowamynda howanyň üýtgemeginiň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine we hereketliligine ýetirýän täsirleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sebit üçin goşmaça töwekgelçilikleri döredýän esasy ýagdaýlaryň hatarynda ortaça ýyllyk temperaturanyň ýokarlanmagyny, buzluklaryň meýdanynyň kiçelmegini, suw serişdeleriniň ýetmezçiligini, çölleşme hadysalaryny, ýerleriň zaýalanmagyny we adatdan daşary howa hadysalarynyň ýygylygynyň artmagyny bellediler.

Täze Jarnama sebit ýurtlarynyň howanyň üýtgemegi bilen bagly ýüze çykýan migrasiýa meselelerine bilelikde çemeleşmegi, özara tejribe alyşmagy we utgaşykly çäreleri durmuşa geçirmegi üçin möhüm esas bolup hyzmat eder.

Источник: Amul Info