Gazagystan Türkmenistana barýan awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrýar
Amul Info ·

Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Türkmenistana barýan Žetibaý — Žanaözen — Kendirli — Türkmenistan serhedi awtomobil ýolunyň 50 kilometrlik bölegini döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlaýjy tapgyra ýetdi. Taslama tamamlanandan soň, agyr ýük ulaglarynyň bu aralygy geçmek üçin sarp edýän wagtynyň 5–8…
Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Žetibaý — Žanaözen — Kendirli — Türkmenistan serhedi awtomobil ýolunyň 50 kilometrlik böleginde düýpli abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra ýetdi. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu aralykdan geçmek üçin sarp edilýän wagtyň iki esseden gowrak azalmagyna we iki ýurduň arasyndaky ulag gatnawlarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Lada.kz neşiriniň habar bermegine görä, abatlaýyş işleri ýoluň 179-njy kilometrinden 229-njy kilometrine çenli aralygy öz içine alýar. Taslama 132 sany ýol gurluşyk tehnikasy we 198 hünärmen gatnaşýar.
Häzirki wagta çenli meýilleşdirilen işleriň esasy bölegi ýerine ýetirildi. Ýoluň ähli 50 kilometrlik böleginde ýer işleri geçirilip, geotekstil, çagyl-gum garyndysy we gara çagyl düşeldi. Şeýle-de 47 kilometrlik aralykda iri däneli asfaltbetondan ýol örtüginiň aşaky gatlagy ýerleşdirildi.
Ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy Gazagystanyň Türkmenistan we Eýran bilen ulag-üstaşyr gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle hem Kendirli şypahana zolagynyň mümkinçiliklerini peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Çeşmede bellenilişi ýaly, bu ýoluň degişli bölegine asfaltbeton örtügi ilkinji gezek 1988–1990-njy ýyllarda düşelipdir. Şondan bäri bolsa onuň düýpli abatlaýyş işleri geçirilmedi.
Taslama tamamlanandan soň, üstaşyr ýük ulaglarynyň we agyr ýük awtoulaglarynyň 50 kilometrlik aralygy geçmek üçin sarp edýän wagtynyň ozalky 5–8 sagatdan 2–2,5 sagada çenli azalmagyna garaşylýar. Şeýle hem ulag geçelgesiniň geçirijilik kuwwatynyň we üstaşyr mümkinçilikleriniň iki esse ýokarlanmagy meýilleşdirilýär.
Täzelenen ýol türkmen daşaýjylaryna Žetibaý şäheriniň üsti bilen Mangistau welaýatynyň esasy ulag merkezlerine göni çykmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, ol deňiz portlarynyň infrastrukturasyna barýan ugurlary amatlylaşdyrmaga we ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.