Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär

Amul Info ·

Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda migrasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda milli kanunçylygyň we halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda migrasiýa ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi . Onda milli kanunçylygyň we halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gullugyň işini ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda migrasiýa ulgamynda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygyň netijeleri we häzirki zaman hyzmatlarynyň ornaşdyrylyşy bilen bagly maglumatlar hödürlendi.

Häzirki wagtda migrasiýa meseleleri dünýäde döwrüň talaplaryna laýyklykda özgerýär. Şunuň bilen baglylykda, migrasiýa amallaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.

Diplomatik wekilhanalar hem-de konsullyk edaralary döwlet bilen raýatlaryň arasynda möhüm baglanyşyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin diplomatik korpusyň Türkmenistanyň migrasiýa ulgamynda alnyp barylýan işler, elektron wiza hyzmatlary, daşary ýurt raýatlaryny onlaýn hasaba almak we beýleki hyzmatlar barada habarly edilmegi aýratyn ähmiýete eýe.

Migrasiýa gullugynyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda wizalary resmileşdirmek, daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak, biometrik maglumatly pasportlary resmileşdirmek, raýatlyk we raýatsyzlyk meselelerini çözmek bilen bagly işler bar. Bu ugurlarda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden has giň peýdalanmak hem esasy wezipeleriň biri hökmünde bellenilýär.

Maslahatda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ulgamlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Sanly çözgütleriň giňden ulanylmagy hyzmatlaryň has tiz we amatly görnüşde ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halkara tejribäni öwrenmek, täzeçil tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini özleşdirmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.

Çykyşlarda Türkmenistanyň 2008-nji ýyldan bäri sebitde ilkinji bolup, halkara talaplara laýyk gelýän biometrik maglumatly pasportlary ulanyşa girizendigi bellenildi. Häzirki wagtda bolsa elektron wizalary resmileşdirmek işini sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň häzirki iş ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary boýunça tanyşdyrylyş geçirildi. Gatnaşyjylar migrasiýa hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we sanly çözgütleriň giňden ornaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatda öňde goýlan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmek, häzirki zaman tejribelerini we täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek boýunça degişli ugurlar kesgitlenildi.

Источник: Amul Info