Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Turkmenistan RSS Feed ·
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňe gitmegi we gülläp ösmegi maksat edinmäge esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Katar Döwletiniň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.