Batumide Merkezi Aziýa we Gruziýanyň daşary işler ministrleri duşuşar
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Gruziýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Gruziýanyň Batumi şäherinde Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.
Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin we Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Saparyň çäklerinde Maka Boçorişwiliniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçiriler.
Bu duşuşyklar Gruziýa bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda syýasy dialogy ösdürmek we özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm mümkinçilik bolup biler.