Türkmen talyplary Ýewropanyň öňdebaryjy oba hojalyk tejribelerini öwrendiler

Amul Info · · sabat, dashoguz

Türkmen talyplary Ýewropanyň öňdebaryjy oba hojalyk tejribelerini öwrendiler

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary Germaniýanyň Frankfurt, Maýn we Mannheim şäherlerinde, şeýle hem Niderlandlaryň Amsterdam şäherinde okuw-tejribe saparlaryna gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary Ýewropanyň birnäçe şäherinde okuw-tejribe sapaklaryna gatnaşdylar.

Germaniýanyň Frankfurt, Maýn we Mannheim şäherlerinde, şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde geçirilen saparlaryň dowamynda ýaşlar dünýäniň ösen oba hojalyk tejribeleri, häzirki zaman tehnologiýalary we önümçiligi guramagyň netijeli usullary bilen tanyşdylar.

Okuw-tejribe saparlaryna S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetinden 10 talyp we 2 mugallym, Türkmen oba hojalyk institutyndan bolsa 5 talyp we 1 mugallym gatnaşdy.

Saparlaryň dowamynda talyplar oba hojalyk önümçiliginiň häzirki zaman usullaryny ýerinde öwrenmek, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşyna syn etmek we nazary bilimlerini amaly tejribe bilen utgaşdyrmak mümkinçiligine eýe boldular.

Ýaşlaryň oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde giňden tanalýan «John Deere» kompaniýasynyň iş tejribesi bilen tanyşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Olar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçilikleri, olaryň önümçilikde netijeli ulanylyşy hem-de mehanizasiýanyň oba hojalygyny ösdürmekdäki orny barada giňişleýin maglumat aldylar.

Mundan başga-da, talyplar sygyr fermalarynda alnyp barylýan işler, mallary idetmegiň döwrebap usullary we ýokary hilli önüm öndürmegiň tehnologiýalary bilen tanyşdylar.

Şeýle halkara okuw-tejribe saparlary ýaş hünärmenleriň bilimlerini baýlaşdyrmaga, dünýä oba hojalygynyň ösüş ugurlaryna has çuňňur düşünmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam berýär. Toplanan tejribäniň geljekde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda hem-de döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýar.

Источник: Amul Info