Döwletmämmet Azady adyndaky instituta Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty berildi
Amul Info ·

Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýapon dilini öwretmek we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça goşandy üçin Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin Hormat hatyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýapon dilini öwretmek we iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça bitiren hyzmatlary üçin Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat hatyna mynasyp boldy .
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi 2026-njy ýyl üçin ministriň Hormat hatyna mynasyp bolan şahslaryň we guramalaryň sanawyny yglan etdi. Şol sanawda Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem ady bar.
Hormat haty Ýaponiýa bilen halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn goşant goşan dünýäniň dürli ýurtlarynyň raýatlaryna hem-de guramalaryna berilýär.
2026-njy ýylda bu abraýly sylaga dünýäniň dürli ýurtlaryndan 159 adam we 67 gurama mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bu sylaga mynasyp görülmegi ýokary okuw mekdebiniň ýapon dilini öwretmek we bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriniň ykrar edilýändigini görkezýär.
Şeýle hem bu sylag Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, halklaryň özara düşünişmeginiň ösdürilmegine goşulýan goşandyň ýokary bahalandyrylmagynyň nyşany boldy.