Türkmenistanyň Prezidenti on aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Amul Info ·

Türkmenistanyň Prezidenti on aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, ýanwar – oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemini jemledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si, şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» we «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Mejlisiň Kararlarynyň 15-si kabul edildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti berkarar döwletiň hukuk binýadyny berkitmek, şeýle hem ýurduň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde on aýyň dowamynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary we görkezmeleri berdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Источник: Amul Info