Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen Olimpiadada kümüş medallara mynasyp boldular
Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda tamamlanan 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda reýting boýunça «B» derejesinde kümüş medallara mynasyp boldy. Türkmen küştçi gyzlarynyň bu üstünligi 11-nji, jemleýji tapgyrda 32-nji belgide ýer alan Belarus Respublikasynyň ýygyndysyny 3,5:0,5 hasabynda ynamly ýeňmegi bilen kesgitlendi.
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda tamamlanan 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda reýting boýunça «B» derejesinde kümüş medallara mynasyp boldy. Türkmen küştçi gyzlarynyň bu üstünligi 11-nji, jemleýji tapgyrda 32-nji belgide ýer alan Belarus Respublikasynyň ýygyndysyny 3,5:0,5 hasabynda ynamly ýeňmegi bilen kesgitlendi.
Bu duşuşykda öz tagtalarynda FIDE-niň zenan ussady Lala Şöhradowa (reýtingi 2147) halkara ussady Aleksandra Tarasenkony (2228), FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Leýla Şöhradowa (2101) FIDE-niň zenan ussady Warwara Polýakowany (2233), şeýle-de Mähri Agamyradowa (1939) FIDE-niň ussady Niki Wenskini (2155) ýeňdi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk deňme-deň oýny FIDE-niň zenan ussady Jahan Rejepowa (2027) FIDE-niň ussady Weronika Abramkina (2254) bilen geçiren duşuşygynda hasaba aldy.
Zenanlar milli ýygyndysy üçin bu yzly-yzyna gazanylan ikinji Olimpiýa medaly boldy. Iki ýyl ozal Budapeştde geçirilen Olimpiada-da türkmen küştçi gyzlary reýting boýunça «C» derejesinde altyn medal gazanypdylar. Şol üstünligiň netijesinde olar reýtingde ýokary galyp, has güýçli «B» derejesine geçirildiler.
«B» toparynda birinjilik ugrundaky göreş iň soňky tapgyra çenli dowam etdi. Türkmenistan bilen Horwatiýa ýygyndylarynyň ikisi-de 14 utuk toplady. Emma goşmaça görkezijiler boýunça altyn medal horwatiýaly küştçi gyzlara berildi. Bürünç medallara bolsa Özbegistanyň ikinji ýygyndysy mynasyp boldy.
Zenanlar ýaryşynyň umumy jeminde başlangyç sanawda 55-nji belgide duran Türkmenistanyň ýygyndysy 190 toparyň arasynda 33-nji orny eýeledi. Milli topar 6 ýeňiş, 2 deňme-deňlik we 3 ýeňliş bilen çykyş etdi. Zenanlar ýaryşynda baş baýraga Hytaýyň ýygyndysy mynasyp boldy, kümüş medaly Gazagystanyň, bürünç medaly bolsa Hindistanyň ýygyndysy gazandy.
Şahsy netijeler boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynda iň gowy görkezijini Mähri Agamyradowa görkezdi. Ol dördünji tagtada mümkin bolan 10 utukdan 7,5 utuk toplap, ýaryşdaky 2253 görkezijä ýetdi we öz reýtingine 160-dan gowrak utuk goşdy. Bu netije oňa FIDE-niň zenan ussady (WFM) derejesiniň normatiwini hem-de zenanlaryň arasynda halkara ussady (WIM) derejesiniň ilkinji normatiwini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Leýla Şöhradowa ikinji tagtada 11 oýunda 7 utuk toplady we jemleýji üç tapgyrda yzly-yzyna ýeňiş gazanmagy başardy. Jahan Rejepowa 9 oýunda 5 utuk toplady. Lala Şöhradowa ilkinji tagtada iň güýçli garşydaşlara garşy 10 oýunda 4,5 utuk gazandy. Ogulsuraý Baýrambaýewa (1952) bolsa geçiren dört duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, toparyň gaznasyna 3 utuk goşdy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýewiň bellemegine görä, meýilnamalaýyn okuw-türgenleşik işleriniň netijesinde topar ýaryşa iň amatly taýýarlyk derejesinde geldi. Bu bolsa reýtingi 1900 –2100 aralygynda bolan küştçi gyzlaryň hakyky oýun derejesiniň 2200 we ondan ýokary görkezijä laýyk gelýändigini subut etmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy bolsa başlangyç sanawda 65-nji belgide bolup, 11-nji, jemleýji tapgyrda 40-njy belgide ýerleşen we dolulygyna halkara grossmeýsterlerden düzülen Çernogoriýanyň ýygyndysyndan 1,5:2,5 hasabynda asgyn geldi. Bu duşuşykda ýeke-täk ýeňşi Wepaly Halynýazow (2257) gazandy. Ol dördünji tagtada Luka Draskowiçi (2468) ýeňdi. Ikinji tagtada Meýlis Annaberdiýew (2384) Nikita Petrow (2565) bilen deňme-deň oýnady.
Şol bir wagtyň özünde halkara grossmeýster Saparmyrat Ataýew (2503) we FIDE-niň ussady Amanmuhammet Hommadow (2389) degişlilikde birinji we üçünji tagtalarda Denis Kadrijdan (2513) hem-de Nikola Djukijden (2447) ýeňildi.
Ýaryşy 12 utuk bilen – 5 ýeňiş, 2 deňme-deňlik we 4 ýeňliş bilen tamamlan Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy toparyň kapitany, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda 206 toparyň arasynda 64-nji orny eýeledi. Şeýle-de Amanmuhammet Hommadow 11 oýunda 6 utuk toplap, halkara ussady (IM) derejesiniň üçünji we jemleýji normatiwini ýerine ýetirdi. Bu netije FIDE tarapyndan resmi taýdan tassyklanmagyna garaşýar.
Saparmyrat Ataýew hem 11 oýunda 6 utuk toplady. Meýlis Annaberdiýewiň hasabynda 10 oýunda 5,5 utuk, Şahruh Turaýewiň (2222) hasabynda 8 oýunda 4 utuk bar. Wepaly Halynýazow bolsa geçiren dört duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, 2966 ýaly ajaýyp görkezijileri görkezdi.
Olimpiadanyň açyk ýaryşynda baş baýraga Özbegistanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Kümüş medallary Hindistanyň, bürünç medallary bolsa Germaniýanyň ýygyndysy gazandy.
Indiki 47-nji Bütindünýä küşt Olimpiadasy 2028-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçiriler.