Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

Turkmenistan RSS Feed ·

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da sto­ma­to­lo­gi­ýa we be­de­niň äň-ýüz bö­le­gi­niň ke­sel­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan döw­re­bap be­je­riş-öňü­ni alyş kö­me­gi­ni ber­me­gi gu­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ka­ra­ra gol çek­di.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da sto­ma­to­lo­gi­ýa we be­de­niň äň-ýüz bö­le­gi­niň ke­sel­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan döw­re­bap be­je­riş-öňü­ni alyş kö­me­gi­ni ber­me­gi gu­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne ga­ra­ma­gyn­da ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gyn­da iş­le­ýän 80 orun­lyk Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­ni bel­le­nen ter­tip­de dö­ret­mek hem-de şu mer­kez ha­kyn­da Ter­tip­na­ma­ny bel­le­nen ter­tip­de tas­syk­la­mak tab­şy­ryl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­le­re esas­lan­ýan döw­re­bap ýö­ri­te­leş­di­ri­len on­ko­lo­gi­ýa kö­me­gi­niň be­ril­me­gi­ni gu­ra­mak hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň işi­ni bes edip, onuň bin­ýa­dyn­da mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da 500 orun­lyk Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­ni bel­le­nen ter­tip­de dö­ret­mek hem-de şu mer­kez ha­kyn­da Ter­tip­na­ma­ny bel­le­nen ter­tip­de tas­syk­la­mak tab­şy­ryl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ila­ta hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan döw­re­bap pe­di­at­ri­ýa kö­me­gi­ni ber­me­gi gu­ra­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne Hal­ka­ra sag­lyk mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň dü­zü­min­de ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gyn­da iş­le­ýän 160 orun­lyk Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­ni bel­le­nen ter­tip­de dö­ret­mek hem-de şu mer­kez ha­kyn­da Düz­gün­na­ma­ny bel­le­nen ter­tip­de tas­syk­la­mak tab­şy­ryl­dy.

Источник: Turkmenistan RSS Feed