Türkmen ýokary okuw mekdepleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ylmy makalalar ýygyndysyny taýýarladylar

Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan bilelikde taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» diýen ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan bilelikde taýýarlanan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» diýen ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.

Bu neşiriň esasy maksady – Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ösüş ýolyna ylmy taýdan akyl ýetirmekden, gazanylan oňyn netijeleri giňden ýaýratmakdan we milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösmegine gönükdirilen çemeleşmeleri öňe sürmekden ybaratdyr.

Ýygyndy iki ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna degişli ylmy makalalaryny özünde jemleýär. Ýerleşdirilen makalalarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler, geçirilen giň gerimli özgertmeler we geljekdäki ileri tutulýan ösüş ugurlary ylmy esasda seljerilýär. Neşir köptaraply häsiýete eýedir.

Ylmy makalalar milli zähmet bazary, gymmatly kagyzlar bazary, maýa goýum syýasaty, bank hyzmatlary, döwlet býujeti, salgyt ulgamy, ätiýaçlandyryş, maliýe hasabatlylygy, telekeçilik, daşary söwda dolanyşygy, senagat, ulag ulgamy we azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly ugurlary hemmetaraplaýyn öz içine alýar. Kärhanalaryň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak, müşderileriň töleg ukyplylygyna (karza ukyplylygyna) baha bermek, döwlet aktiwlerini hususylaşdyrmak, önümiň özüne düşýän gymmatyny oňaýly ýagdaýa getirmek we ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.

Ýygyndynyň möhüm tematik ugurlarynyň biri-de sanlylaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet, emeli aň, sanly jübütler (digital twins) tehnologiýalary, maglumatlary işlemek, elektron täjirçilik we ykdysady ösüşi seljermegiň matematiki usullary baradaky ylmy makalalar neşiriň häzirki zaman mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Ylmy materiallarda ykdysady ösüşi çaltlandyrmakda innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň eýeleýän möhüm orny hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýär, olaryň önümçiligiň bäsleşige ukyplylygyna hem-de netijeliligine ýetirýän täsiri ylmy taýdan esaslandyrylýar.

Şeýle hem awtorlaryň makalalarynda durnukly ösüş, «ýaşyl» we galyndysyz ykdysadyýet, bioykdysadyýet, ekologiýa taslamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bilimler ykdysadyýeti we ýaşlar telekeçiligi baradaky ylmy garaýyşlar giňden beýan edilýär.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly şanly senesine bagyşlanylan täze neşir professorlar, mugallymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, doktorantlar, talyplar, barlagçylar, degişli hünärmenler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän giň okyjylar köpçüligi üçin ykdysadyýet boýunça gymmatly maglumatlar çeşmesi bolar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed