«Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti önümçiligini has-da artdyrar

Turkmenistan RSS Feed · · mary, mary

«Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti önümçiligini has-da artdyrar

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze oba» daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň kuwwatlylygy bir ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işleýän kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

«Täze aý» nyşanly süýdi gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasynyň açylmagy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, süýt önümleri bilen içerki bazarlarymyzyň üpjünçiligini gowulandyrmak, hususy kärhanalarda täze ýerli önümlerimiziň görnüşlerini artdyrmagyň hasabyna daşarky bazara eksporty ýokarlandyrmak maksady bilen döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Süýdi gaýtadan işleýän kärhananyň açylyş dabarasyna Mary welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, ýaşuly nesliň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we partiýasynyň Mary welaýat bölüminiň hem komitetiniň işgärleri, hususy ulgamyň işjanly telekeçileri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet-sungat işgärleriniň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu ýere ýygnanan myhmanlaryň baýramçylyk ruhyny goşalandyrdy.

Umumy tutýan meýdany 3,5 gektara deň bolan, täze kärhananyň binalarynyň we desgalarynyň gurluşygy «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Iki gektar ýerde kärhananyň önümçilik jaýlary, galan böleginde dürli maksatly desgalary, dolandyryş binasy, ammarlar, kömekçi binalary gurnalan. Kärhana birnäçe bölümden ybarat bolup, olar doly awtomatlaşdyrylan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, işler sazlaşykly ýola goýlupdyr.

Işe girizilen täze önümçilik kärhanasynda ornaşdyrylan enjamlar Türkiýe, Germaniýa döwletleriniň süýt önümçiliginde ýokary kuwwatly tehnikalary öndüriji öňdebaryjy kompanýalarynyň önümleri bolup durýar. Bu ýerde süýt önümleriniň gaýmak, gatyk, dorog, mesge ýagy, süzme, aýran we dürli tagamly doňdurma önümleriň birnäçe görnüşleri öndürilýär. Bu köpdürli önümler ilatyň uly islegine eýe bolýar. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan barlaghananyň bolmagy, önümleriň hiline aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Öndüriljek süýt önümleri üçin çig malyň esasy bölegi sygyr süýdi bolup, ol ilatdan, daýhan hojalyklardan, hususy kärhanalardan baglaşylan şertnama laýyklykda satyn alynar.

Taslama boýunça toplumda taýýar önümleri satuwa çykarylýança saklamak üçin gurlan ammarlarda taýýar önümiň bir bada 380 tonnasyny saklamaga mümkinçilik bolar. Taýýar önümler döwrebap, gözegelüwli gaplara gaplanylýar. Taýýar önümler talaba laýyk saklanar we gündelik bazarlara, söwda nokatlaryna, şeýle hem buýurmalar boýunça ýerlener. Önümçiligi üznüksiz alyp gitmek üçin bu ýerde elektrik bekedi we 500 metr kub arassa agyz suw howzy gurnalan.

Täze kärhanada ýörite hünärmenler we işçiler üçin 300-den gowrak iş orunlary döredildi. Önümçilikde işgärleriň zähmet çekmekleri we dynç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulan.

Kärhana ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işläp, bir ýylda 3 müň tonna gury süýt, 1 müň 50 tonna mesge ýagy, 8 müň tonna gatyk-gaýmak, 1 müň-1 müň 500 tonna aralygynda peýnir hem-de 10 müň tonna doňdurma önümlerini öndürer. Dürli süýt önümlerini öndürmek üçin kärhanada gündelik 140-150 tonna sygyr süýdi sarp ediler.

Açylyş dabarasynda binada zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda telekeçilere uly goldaw berýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed