Belet Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň esasy duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer

Amul Info ·

Belet Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň esasy duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer

⚽📺 «Belet» Çempionlar ligasynyň esasy duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer! Futbol janköýerlerine «PSŽ» — «Barselona», «Mançester Siti» — AEK, «Bawariýa» — «Arsenal» we beýleki gyzykly duşuşyklara tomaşa etmek mümkinçiligi dörediler. Oýunlar 20–22-nji oktýabrda «Belet» onlaýn platformasynda…

«Belet» onlaýn platformasy UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň futbol duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer. Futbol janköýerleri birnäçe gyzykly oýna platformanyň üsti bilen tomaşa edip bilerler.

20-nji oktýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 21:45-de «Sabah» — Dortmundyň «Borussiýa» we «Fenerbahçe» — «Slawiýa» toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar ýaýlyma berler.

21-nji oktýabra geçilýän gije sagat 00:00-da «PSŽ» — «Barselona» hem-de «Mançester Siti» — AEK toparlarynyň oýunlaryny göni ýaýlymda görmek bolar. Şol günüň agşamynda, sagat 21:45-de bolsa «Komo» — «Mançester Ýunaýted» we «Lill» — «Galatasaraý» toparlary duşuşarlar.

22-nji oktýabra geçilýän gije sagat 00:00-da futbol janköýerlerine «Bawariýa» — «Arsenal» duşuşygy hödürlener. Şol bir wagtyň özünde «Aston Willa» — «Wiking» hem-de «Real Madrid» — «RB Leýpsig» toparlarynyň oýunlary hem göni ýaýlymda görkeziler.

Çempionlar ligasynyň agzalan duşuşyklarynyň ählisine «Belet» onlaýn platformasynyň üsti bilen tomaşa edip bolar.

Источник: Amul Info