Filosof Nik Bostrom emeli aňyň kömegi bilen adamlaryň ortaça ömrüniň 1400 ýyla ýetip biljekdigini çaklaýar
Amul Info ·

Şwesiýaly filosof Nik Bostrom aşa ösen emeli aňyň lukmançylykda täze açyşlara ýol açyp, garramak hadysasyny haýallatmaga ýa-da togtatmaga mümkinçilik berip biljekdigini öňe sürýär. Onuň matematiki modeline görä, ýaş bilen bagly ölüm howpy ep-esli peseldilen ýagdaýynda adamyň ortaça ömri 1400 ýyla…
Emeli aňyň töwekgelçilikleri baradaky işleri bilen tanalýan şwesiýaly filosof Nik Bostrom aşa ýokary derejede ösen emeli aňyň lukmançylykda düýpli açyşlara ýol açyp, adamlaryň garramak hadysasyny haýallatmagyna ýa-da togtatmagyna kömek edip biljekdigini öňe sürýär. Onuň matematiki hasaplamalaryna görä, ölüm howpuny häzirki 20 ýaşly sagdyn adamlaryň derejesine çenli peseltmek başartsa, adamlaryň ortaça ömri takmynan 1400 ýyla ýetip biler. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, 1400 ýyl baradaky görkeziji anyk çaklama däl-de, Bostromyň 2026-njy ýylyň fewralynda çap edilen «Aşa ýokary derejeli emeli aňy döretmegiň iň amatly wagty» atly ylmy işinde beýan edilen matematiki modeliň netijesidir.
Alym ýönekeýleşdirilen hasaplamasynda emeli aň bolmadyk ýagdaýynda adamyň öňünde ortaça 40 ýyl ömrüň galýandygyny göz öňünde tutýar. Eger aşa ýokary derejede ösen emeli aň döredilse, onuň kömegi bilen «ýaşardyjy lukmançylyk» ösdürilip, ölüm derejesi sagdyn 20 ýaşly adamlaryň derejesine çenli peseldilip bilner. Bu görkeziji uzak wagtyň dowamynda saklansa, ýaş bilen bagly ölüm howpy diýen ýaly aradan aýrylar. Şeýle-de bolsa, adamlar betbagtçylyklar ýa-da zorluk sebäpli aradan çykmak howpundan doly azat bolmazlar.
Bostromyň hasaplamalaryna görä, emeli aňyň döredilmegi onuň adamzat üçin global heläkçilik howpuny döretmek ähtimallygy 97 göterimden pes bolan ýagdaýynda, garaşylýan ömrüň dowamlylygyny artdyryp biler. Eger emeli aň diňe goşmaça 20 ýyl ömür gazanmaga mümkinçilik berse, onda kabul ederlikli töwekgelçilik derejesi takmynan 33 göterime çenli peselýär.
Filosof «AZFamily» teleýaýlymyna beren interwýusynda aşa ýokary derejeli emeli aňy döretmegi howply operasiýa bilen deňeşdiripdir. Onuň deňeşdirmesinde garramak ölüm howply kesel, emeli aň bolsa töwekgelçilikli bejergi hökmünde görkezilýär. Bostromyň aýtmagyna görä, dünýäde her gün keseller, garramak we beýleki sebäpler zerarly takmynan 170 müň adam aradan çykýar. Aşa ösen emeli aň bolsa lukmançylyk barlaglarynyň we ylmy gözlegleriň depginini ep-esli çaltlandyryp biler.
Şol bir wagtyň özünde, alym özüniň ylmy işiniň köplenç nädogry düşündirilýändigini belleýär. Onuň pikiriçe, bu model diňe häzirki wagtda ýaşaýan adamlaryň ömrüni mümkin boldugyça uzaltmak üçin haýsy ýoluň has netijelidigini seljerýär. Emma bu görkeziji emeli aňy ösdürmek baradaky kararlarda göz öňünde tutulmaly köp sanly şertleriň diňe biridir. Bostrom modeliň ýönekeýleşdirilendigini we onuň anyk syýasy teklipleri öňe sürmeýändigini hem nygtaýar.
Filosofyň pikirine görä, emeli aňyň ösüşini belli bir aralyk derejede saklamak hem aňsat bolmaz. Munuň sebäbi bu ugra gönükdirilýän uly maýa goýumlary, täjirçilik bähbitleri we ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky tehnologiýa bäsdeşligidir. Şeýle-de bolsa, aşa ýokary derejeli emeli aňy döretmekden ýüz öwürmek dünýä möçberindäki betbagtçylyk töwekgelçiliginiň bütinleý ýok boljakdygyny aňlatmaýar.
Bu garaýyş käbir bilermenleriň garşylygyny hem döredýär. Tankytçylaryň bellemegine görä, hatda aşa ýokary derejede ösen emeli aň hem köp ýyllap dowam edýän kliniki synaglaryň netijelerini olaryň tamamlanmagyna garaşmazdan anyklap bilmez.