Halk Maslahatynyň Başlygy Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysynyň işine nägilelik bildirdi
Amul Info ·

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Depegum» söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň dowamynda geçirilen iş maslahatynda Ýokary gözegçilik edarasynyň işine nägilelik bildirdi. Ol gurluşyk taslamalaryna gözegçiligiň gowşadylýandygyny belläp, desgalaryň ýokary hilli we…
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Depegum» atly söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşlygynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy T.Mälikowyň, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy D.Täşliýewiň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň we Türkiýe Respublikasynyň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktorynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde ýurduň dürli künjeklerinde, Aşgabatda we Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň batly depginlerde dowam edýändigini belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin edaranyň ýolbaşçysyna nägilelik bildirdi .
Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, gözegçilik işleri sanly tehnologiýalar bilen emeli aň mümkinçilikleriniň, intellektiň aratapawudynyň seljerilmegine we olaryň hil derejesine gönükdirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini belläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyndan bu ugurda edilýän işleriň ýokarlandyrylmagyny berk talap etdi.