Türkmenistan bilen Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär
Amul Info ·

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara forumynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir iki ýurduň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi. Onuň aýtmagyna görä, «Petronas» kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda iş…
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatda we sergide Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş edip, iki ýurduň ýangyç-energetika ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministriniň bellemegine görä, «Petronas» kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şu ýyllaryň dowamynda kompaniýa diňe bir uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli infrastruktura desgalarynyň ösdürilmegine, ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hem-de milli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem goşant goşdy.
Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, aýratyn-da, nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berlendigini nygtady. Şol duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk hakynda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda ylalaşyga gol çekilendigini belledi.
OGT-2026 halkara forumyna Malaýziýa nebitgaz hyzmatlary we enjamlara tehniki hyzmat bermek boýunça ýöriteleşen 20-den gowrak kompaniýany öz içine alýan wekiliýet bilen gatnaşýar. Malaýziýa tarapynyň esasy maksady öňdebaryjy tehnologiýalary Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleri bilen utgaşdyryp, özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Ministr hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň diňe bir baglaşylýan şertnamalaryň möçberi bilen ölçenilmeýändigini, eýsem, ýerli üpjün edijileri goldamak, hünär tejribesini paýlaşmak we ilatyň durmuş abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlaryň hem möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri iki ýurduň dünýä derejesindäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek we dostlukly halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.