«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy

Turkmenistan RSS Feed ·

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda esaslandyrýan «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 10-njy sany okyjylara gowuşdy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakalaryny, ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, milli we halkara ähmiýetli başlangyçlary özünde jemleýän žurnalyň täze sany ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň ruhy-ahlak we aň-bilim taýdan ösüşine ýardam berýän makalalara baýlygy bilen tapawutlanýar.

Žurnalyň täze sanynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegine aýratyn orun berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýeti, ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny, bilim, ylym, innowasiýa we telekeçilik ugurlaryndaky mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.

Neşirde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler hem öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjana we Ermenistana amala aşyran iş saparlary, halkara forumlarda öňe sürlen ýaşlar bilen bagly başlangyçlary, türkmen Bitaraplygynyň dürli dillerde ýaňlanmagy baradaky makalalar okyjylarda aýratyn gyzyklanma döredýär.

Žurnalyň sahypalarynda saglygy goraýyş, zähmet hukuklary, sanly tehnologiýalar, ýaşlaryň döredijilik mümkinçilikleri, milli miras we maşgala gymmatlyklary ýaly möhüm temalara hem giň orun berilýär. Çeper eserler, oýlanmalar we awtorlyk makalalary bolsa neşiriň mazmunyny baýlaşdyrýar.

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany ýaş nesliň bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji we giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine gönükdirilen maglumatlary bilen okyjylara ýetirilýär. Neşir ýaşlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ýokarlandyrmakda we döwrebap garaýyşlaryny ösdürmekde möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Источник: Turkmenistan RSS Feed