«Ajam ýurdunda Nowruz» sahna oýny halkara teatr festiwalyna badalga berdi
Turkmenistan RSS Feed ·

Aşgabatda badalga alan «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň çäklerinde ilkinji bolup, Täjigistanyň Duşenbe şäherindäki döwlet respublikan gurjak teatrynyň döredijilik topary öz sungatyny tomaşaçylara hödürledi. Täjigistanly artistler Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda «Ajam ýurdunda Nowruz» atly sahna oýnuny görkezdiler.
Ýatladyp geçsek, Ajam ýurdy diýlip, taryhy döwürlerde Gündogar halklarynyň ýaşaýan ýerlerine aýdylýar, Nowruz bolsa kalbyň joşup, tebigatyň janlanýan bahar paslydyr. Şu iki düşünje birleşende nähili wakalaryň bolup geçýändigi barada festiwala gatnaşýan täjik artistleriniň sahnalaşdyran sahna oýny gürrüň berýär.
Sahnanyň wakalary şowhunly we dürli öwüşginli Gündogar bazarynda bolup geçýär. Bu ýerde islän zadyňy satyn alyp ýa-da satyp, köne dostlaryň bilen duşuşyp, täze tanyşlary edinip bolýar. Mundan başga-da, hakyky täsinliklere-de şaýat bolmak mümkin: beýik taýaklaryň üstünde ýöreýän, hemmelerden saýlanyp görünýän sazandalar, horaz söweşleri, hatda tans edýän düýejik hem tomaşaçylaryň ünsüni çekýär. Tomaşaçylar täjik halkynyň tanslaryna we aýdymlaryna tomaşa edip, şeýle hem Nowruz baýramyna mahsus tagamlaryň – täjik palawynyň we sumanagyň taýýarlanylyşy bilen tanyşdylar. Artistleriň tomaşaçylara hödürlän süýjülikleri bolsa baýramçylyk saçagynyň sahylygyny alamatlandyrdy.
Bu şadyýan halk baýramçylygynyň alyp baryjysy, 40 ýyllyk iş tejribesi bolan özüne çekiji artist H. Salimow bolup, ol sahna bilen tomaşaçylaryň arasynda özboluşly baglanyşyk döretdi. Gadymy hem-de şu güne çenli öz ähmiýetini ýitirmedik deprek sazynyň owazyna Iskander Buhariýew joşgunly tans etdi. Baýramçylyk çykyşynyň iň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolsa režissýor Ýuliýa Moskalewiç boldy.
– Döwlet respublikan gurjak teatrynyň döredijilik toparyna «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylyşynda ilkinji bolup çykyş etmek bagty miýesser etdi – diýip, Duşenbe şäherindäki döwlet respublikan gurjak teatrynyň çeper ýolbaşçysy Iskander Buhariýew belleýär. – Aşgabadyň teatr forumlaryna ikinji gezek gatnaşýandygymyzy aýratyn nygtamak isleýärin. Şeýle hem ýakynda Täjigistanda geçirilen VIII halkara teatr festiwalynda türkmen gurjak teatrynyň artistleriniň «Zamanlaryň rowaýaty» atly sahna oýny bilen çykyş edendiklerine örän şatdyrys. Teatr festiwaly diňe bir artistlik kärini saýlap alanlar üçin däl, eýsem, tomaşa zallaryny doldurýan teatr sungatynyň köp sanly muşdaklary üçin hem hakyky baýramçylykdyr.
Bu sözleriň tassyklamasy hökmünde, Aşgabat şäherindäki 4-nji sazçylyk mekdebiniň okuwçylary ýaňy tomaşa eden şadyýan çykyşlary baradaky täsirlerini höwes bilen paýlaşdylar. Olaryň iň köp ünsüni çeken zat, elbetde, örän mähriban görünýän düýejik boldy. Şeýle-de, olar sahna oýnunyň beýleki täsirli pursatlaryny hem birin-birin ýatlap, gürrüňlerini dowam etdirdiler.