Azerbaýjan şu güne çenli Türkiýä 131 milliard kub metr tebigy gaz iberdi
Amul Info ·

Azerbaýjan şu güne çenli Türkiýä 131 milliard kub metr, Ýewropa 66 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberdi. Häzirki wagtda ýurt 16 döwlete gaz eksport edýär. Günorta gaz geçelgesi Azerbaýjanyň eksport ugurlaryny giňeltmeginde we halkara energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun…
Azerbaýjan tebigy gazyň halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegini we eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleri hökmünde görýär. Häzirki wagta çenli ýurt Türkiýä 131 milliard kub metr, Ýewropa bolsa 66 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz eksport etdi.
«Report.az» neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow Moskwada geçirilen Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) VIII sammitinde çykyş edenden soň, özüniň «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda mälim etdi.
Ministr dünýäde tebigy gazyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetiniň artýandygyny belläp, durnukly üpjünçiligiň, uzak möhletleýin maýa goýumlaryň we halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny nygtady.
Onuň aýtmagyna görä, Azerbaýjan häzirki wagtda 16 ýurda tebigy gaz iberýär. Ýurt eksport ugurlaryny giňeltmek we ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly halkara energetika howpsuzlygyna goşant goşýar.
Parwiz Şahbazow Günorta gaz geçelgesiniň strategik ähmiýetine hem ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, bu infrastruktura täze gaz üpjünçilik ugurlaryny döretmäge, eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Ministr Azerbaýjanyň takmynan 20 ýyl bäri tebigy gaz eksport edýändigini, soňky alty ýylyň dowamynda bolsa Ýewropa bazaryndaky üpjünçilik gerimini ep-esli giňeldendigini aýtdy. Şeýle hem ýurduň Merkezi Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna çykmak üçin täze mümkinçilikleri gazanandygyny belledi.
Parwiz Şahbazowyň maglumatlaryna görä, Azerbaýjan şu güne çenli Türkiýä 131 milliard kub metr, Ýewropa 66 milliard kub metrden gowrak, Gruziýa 37 milliard kub metrden gowrak, Siriýa bolsa 1,7 milliard kub metr tebigy gaz iberdi. Turbageçirijiler arkaly gaz eksportynyň geografik gerimi boýunça ýurt dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.
Energetika ministri Azerbaýjanyň energiýa we ekologiýa howpsuzlygyny nazara alýan deňagramly syýasaty alyp barýandygyny hem belledi. Onuň sözlerine görä, tebigy gaz gorlaryny gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen utgaşykly ösdürmek ýurduň içerki energiýa üpjünçiligini pugtalandyrmaga we eksport üçin goşmaça serişdeleri döretmäge ýardam berýär.
Çykyşynyň ahyrynda Parwiz Şahbazow Azerbaýjanyň Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we özara bähbitli energetika gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Azerbaýjanyň ygtybarly hyzmatdaşdygyny belläp, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen energetika ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işjeň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.