Daşkentde «Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň ýeňijisine awtoulag gowşuryldy
Amul Info · · g1512569

Daşkent şäherindäki Milli medeni merkezleriň pawilýonynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa baş baýrak hökmünde «Zeekr» kysymly awtoulag gowşuryldy. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi (UzA) habar berýär.
Daşkent şäherindäki Milli medeni merkezleriň pawilýonynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa baş baýrak — «Zeekr» kysymly awtoulag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi (UzA) habar berýär.
Dostluk we medeni hyzmatdaşlyk ruhunda geçirilen çäre özbek, tatar we türkmen halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, milli medeniýeti we däp-dessurlary sarpalamaga, ýaşlaryň zehinini goldamaga hem-de olaryň gazanan üstünliklerini ykrar etmäge bagyşlandy.
Dabarada Özbegistanyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar meseleleri boýunça komitetiniň başlygy, ýurduň medeniýet ministri, Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçylyk palatasynyň Halkara işler, goranmak we howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň başlygy gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Esasy çäräniň öňüsyrasynda myhmanlar Milli medeni merkezleriň pawilýonynda gezelenç edip, dürli halklaryň däp-dessurlary we milli aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Çäräniň dowamynda özbek, tatar we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlugy, medeni hyzmatdaşlygy hem-de «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň geçirilýän pursatlaryny şöhlelendirýän wideorolikler görkezildi.
Bu çäre halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini goldamagyň we milli mirasy giňden wagyz etmegiň ähmiýetini ýene bir gezek görkezdi.