«Tebigy ekiniň» bol hasylly pelleri

Turkmenistan RSS Feed · · carjew, lebap

Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Hasyl toýuna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň işçi-hünärmenleri hem mynasyp zähmet sowgatlary bilen geldiler. Ekin meýdanlarynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde we olardan bol hasyl almakda toplumlaýyn işler alnyp barylýan bu daýhan hojalygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hojalygyň zähmetsöýer işgärleri üçin üstünlikli ýyllaryň birine öwrülýär. 2018-nji ýylda esaslandyrylan bu hojalykda şu ýyl 400 gektar meýdana bugdaý, 100 gektar meýdana gowaça, 268 gektar meýdana ýeralma, 130 gektar ýere hem käşir ekildi. Bulardan başga-da «Tebigy ekiniň» 23 gektar meýdanynda miweli agaçlar ýetişdirilip, şonuň 9 gektaryny üzüm, galan bölegini ülje, şetdaly, garaly, alça hem-de alma baglary eýeleýär. Bu hokjalygyň zähmetsöýer daýhanlarynyň üstümizdäki ýylda bugdaý ekilen ýeriň her gektaryndan 50 sentner, jemi bolsa 2 müň tonna hasyl alandyklaryny buýsanç bilen belläp geçmek bolar. Ýeralma ekilen ýeriň hem her gektarynda 180 sentner hasyl alnandygyny-da aýdyp geçmek möhümdir. Daýhan hojalygynda ýyladyşhanalaryň ikisi hereket edýär, şeýle-de häzirki wagtda ýene-de bir sany ýyladyşhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýylyň ýylyna bugdaýyň, pagtanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny alýan bu hojalykda işgärleriň 140-a golaýy zähmet çekýär. Daýhan hojalygynda bar bolan tehnikalaryň aglabasynyň hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen satyn alnan ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly kuwwatly tehnikalar bolmaklygy, olaryň hem netijeli işledilmegi ene toprakdan bol hasyl alýan daýhanlaryň işlerini has-da ýeňilleşdirýär. Ýetişdirilen hasyl bir bölegi baglaşylan şertnama laýyklykda welaýatyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine tabşyrylýar. Önümiň beýleki bölegi bolsa welaýatyň söwda nokatlaryna ugradylýar. «Tebigy ekin» daýhan hopjalygynyň gazanýan zähmet üstünliklerinde 1-nji, 4-nji, 5-nji ekerançylyk toparlarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny belläp geçmek bolar. Döredilenine kän wagt geçmedik hem bolsa ýerden bol hasyl almaklygyň baý tejribesini toplan bu hojalykda ýyladyşhana ulgamy hem netijeli ulanylyp, häzirki wagtda eksport ugurly işler alnyp barylýar. Daýhan hojalygynyň ýene-de bir bellenilmeli zatlaryň biri bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň idedilmegidir. Bu hojalyga degişli bedewleriň welaýat atçylyk-sport toplumynda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklaryna yzygiderli gatnaşdyrylyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary bu ýerde atşynaslyga uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda gazanylýan zähmet üstünlikleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmeklige gönükdirilen maksatnamalaýyn işlere mynasyp goşantdyr.

Источник: Turkmenistan RSS Feed