Türkmenistanyň MMA türgenleri Özbegistanda geçiriljek ATFC 34 turnirinde çykyş ederler

Amul Info ·

Türkmenistanyň MMA türgenleri Özbegistanda geçiriljek ATFC 34 turnirinde çykyş ederler

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Özbegistanyň Nowaýy şäherinde «Amir Temur Fighting Championship» guramasynyň ATFC 34 halkara turniri geçiriler. Onda Türkmenistanyň wekilleri Muhammetniýaz Gurbandurdyýew we Jonybek Askarow çykyş ederler. Ýaryş Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar we «ATFC» resmi…

2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Nowaýy şäherinde garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça «Amir Temur Fighting Championship» guramasynyň nobatdaky — ATFC 34 halkara turniri geçiriler.

Bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň wekilleri Muhammetniýaz Gurbandurdyýew we Jonybek Askarow oktagona çykyp, ýurdumyzyň sport abraýyny gorarlar.

Ýaryş barada esasy maglumatlar:

Türkmen türgenlerine bu halkara ýaryşda şowly çykyş etmegi hem-de uly ýeňişleri gazanmagy arzuw edýäris!

Источник: Amul Info