Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça okuw maslahaty geçirildi
Amul Info ·

2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary boýunça okuw maslahaty geçirildi. GIZ-iň RECA taslamasynyň çäklerinde guralan çärede gün elektrik…
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa saklaýyş ulgamlary» atly okuw maslahaty geçirildi.
Çäre Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada gaýtadan dikeldilýän energiýa» (RECA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen german hyzmatdaşlarynyň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça bilimlerini hem-de hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda RECA taslamasynyň esasy wezipeleri, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýany saklaýyş ulgamlary boýunça mümkinçiliklerini ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropanyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa akademiýasynyň (RENAC) wekilleri we GIZ-iň hünärmenleri bu ugurlarda çykyş edip, öz tejribelerini paýlaşdylar.
Okuw maslahatynda fotoelektrik gün elektrik stansiýalarynyň tehnologiýalaryna, energiýany saklaýyş ulgamlaryna, energetika ulgamynyň çeýeligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmaga degişli meseleler boýunça pikir alşyldy.
Çäräniň çäklerinde GIZ-iň, RECA taslamasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Hususan-da, institutyň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny taýýarlamak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça okuw kitaplaryny işläp taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.
Bu okuw maslahaty energetika pudagynda halkara tejribäni öwrenmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.