Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy: durnukly ösüşiň bähbidine sebitleri birleşdirip
Turkmenistan RSS Feed ·
Şu ýylyň 24 — 26-njy noýabrynda Aşgabatda ulag geçelgelerini, logistikany, sanly infrastrukturany, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle-de «Türkmentel — 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Giň gerimli forum ählumumy ulag arhitekturasyny ösdürmegiň möhüm meýillerini hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň wekillerini, maýadarlary, pudaklaýyn bilermenleri bir ýere jemlär.
Dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly gatnaşyjylary ýurdumyzyň paýtagtynda jemleýän Aşgabat ulag forumy Bitarap Türkmenistanyň ýurtlary we sebitleri birleşdirmäge gönükdirilen hem-de halkara söwdany giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini artdyrmaga ýardam edýän ulag diplomatiýasyny ilerletmek üçin-de möhüm meýdançadyr.
Türkmenistan köpşahaly halkara ulag-kommunikasiýa ulgamynyň diňe bir döwletler üçin ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolman, eýsem, onuň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegiň hem binýady bolup hyzmat edýändiginden ugur alýar. Inklýuziw ulag ulgamyny kemala getirmek deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin aýratyn wajypdyr. Sebäbi ol bazarlara, önümçilik-söwda zynjyrlaryna elýeterliligi açmak bilen, olaryň ykdysady, durmuş, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup çykyş edýär. Ulag arabaglanyşygy, multimodal geçelgeleriň döredilmegi diňe bir halkara söwda doly derejede goşulyşmaga, ulag çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik bermän, adamlar üçin amatlylygy ýokarlandyrmaga, syýahatçylygy ösdürmäge hem ýardam berýär. Şeýlelikde, halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda orun alan ulag ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi ýurdumyzyň içerki ösüşi üçin hem, dünýä ykdysadyýetiniň umumy ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin hem amatly şertleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde geçen umumy sapagynda ulag strategiýasynyň häsiýetnamasyny, onuň milli we halkara ähmiýetini jikme-jik beýan etmegi tötänden däldir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Ýewraziýa ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşmek bilen, öz geografik ýerleşişiniň bähbitli taraplaryny sebitleriň we yklymlaryň, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň ykdysady taýdan ýakynlaşmagynyň hyzmatynda ulanmaga taýýardyr. Bu diňe bir ykdysady wezipe däldir. Ol bilelikde gülläp ösmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, ynanyşmak köprülerini gurmak boýunça örän möhüm medeni wezipedir. Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» konsepsiýasy şeýle giň gerimli integrasion taslamanyň binýadyny düzýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de esasy logistika merkezlerini döretmek arkaly hyzmatdaşlygyň täze geljegi açylýar. Bu bolsa diňe bir dürli sebitlerde ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem hyzmat edýär.
Milli ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler Uzak we Ýakyn Gündogar ugry boýunça eksport, import edilýän ýükleriň Merkezi hem-de Günbatar Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hazarüsti halkara ulag gatnawyny işjeňleşdirmegiň çäklerinde demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň arasynda ýükler, şol sanda konteýner daşamalary üçin bäsdeşlige ukyply toplumlaýyn nyrhnamalary emele getirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäginden geçýän ulag geçelgeleri diňe bir goňşy ýurtlar bilen ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä logistikasynyň wajyp halkasyny düzýär.
Köpşahaly, howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny döretmegiň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biridigini bellemek gerek. Bu bolsa şu meseläni ara alyp maslahatlaşmagy işiň aýratyn uzak möhletleýin ugry hökmünde BMG-niň derejesine çykarmagyň zerurdygyny şertlendirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogy öňe sürmekde Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny hem-de bu babatda yzygiderli ädimleriň netijeli häsiýete eýedigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Ol ulag we logistika arabaglanyşygy meseleleri boýunça ulgamlaýyn halkara dialoga badalga berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, BMG-niň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda birnäçe Kararnamany kabul etdi. Şolaryň arasynda 2023-nji ýylda kabul edilen, 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama-da bar. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem möhüm waka boldy.
Türkmenistan Ýewraziýa ulag we söwda ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan strategik orny eýelemek bilen, Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň arasynda esasy halkara üstaşyr-logistika merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamyny yzygiderli giňeldýär we döwrebaplaşdyrýar. Ony ählumumy ulag infrastrukturasyna birikdirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädýär. Ýurdumyz beýleki döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin, sebitara taslamalary durmuşa geçirýär. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa toplumynda alnyp barylýan giň gerimli işlere degişli anyk mysallary getirip, Türkmenistanyň kuwwatly ulag-logistika ulgamynyň ýurdumyz üçin hem, sebitiň döwletleri üçin hem ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Şunda ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny ep-esli ýokarlandyrmaga, üstaşyr we halkara ýük daşamalary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeler öwrenilýär, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň esasy halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy meselesi ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklarda, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň dürli halkara meýdançalardaky çykyşlarynda üns merkezinde saklanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýän döwründe sebitleriň ulag-logistika kuwwatyny ösdürmegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjyna çekdi. Bu ýylyň esasy wezipeleri ulag infrastruktura taslamalaryna, halkara ugurlara, sanlylaşdyrmaga, multimodal arabaglanyşyga, düzümleýin päsgelçilikleri aradan aýyrmaga bagyşlanar.
Türkmenistan GDA ýurtlarynyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemäge, hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy bilen yglan edilen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirýär. Türkmenistan ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin olara elýeterliligi üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam bermegi maksat edinýär.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda möhüm logistika we energetika merkezleri hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Azerbaýjanyň sebitleýin, halkara işlerdäki artýan ornuny belledi. Şunda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika arabaglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek, olara doly derejeli mazmun bermek möhümdir. Bu babatda Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle-de beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz 15-nji oktýabrda Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde eden çykyşynda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň, logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalary ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça dialogy ministrler derejesinde ösdürmek barada teklip beýan edildi. Bu bolsa milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitinde çykyş edip, ykdysady ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-kommunikasiýa pudagynyň strategik ähmiýetine ünsi çekdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň amatly geografik ýerleşişiniň Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini, Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük daşamalaryň şertlerini kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegiň we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika amallaryny, ýükleri daşamagy utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Ýurdumyz ählumumy derejede-de ulag gün tertibini işjeň öňe sürýär. Bu ulgamdaky täze teklipler şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy mejlislerinde dünýä bileleşigine hödürlenildi. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan durnukly, howpsuz we inklýuziw ulag ulgamlaryny kemala getirmäge uly ähmiýet berýär. 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyz ösüşe baha bermek, infrastruktura päsgelçiliklerini ýüze çykarmak we halkara tagallalary utgaşdyrmak üçin giňişleýin seljeriş hem-de maglumat guraly bolan Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.
Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny hem-de Awaza syýasy Jarnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň ýardam berer. Şunda ulag we energetika arabaglanyşygy ýaly ulgamlara aýratyn üns berler. Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda öz çäginde Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmek başlangyjyny hem öňe sürdi. Ol amallary ýeňilleşdirmek, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, üstaşyr amallary sanlylaşdyrmak, ösüp barýan ýurtlaryň dünýä bazarlaryna elýeterliligini giňeltmek babatda möhüm meýdança öwrülip biler. Türkmen tarapynyň ýene bir teklibi BMG-niň howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek bilen baglydyr. Onuň kemala getirilmegi ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmaga, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga, söwdanyň artmagyna, sebitleriň ykdysady taýdan ýakynlaşmagyna ýardam berer.
Şeýlelikde, Türkmenistan ulag-kommunikasiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalar boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerine laýyk gelýän özara gatnaşyklaryň täze geoykdysady giňişliginiň arhitekturasyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýar.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda halkara maliýe guramalary, şol sanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň iýulynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassonyň Aşgabada saparynyň dowamynda Türkmenistanyň we agzalan bankyň arasynda 2027 — 2032-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygy kesgitleýän özara düşünişmek hakynda bäş sany Ähtnama gol çekilendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalar bar.
Hormatly Prezidentimiziň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşygynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerde taraplaryň sebitara ulag geçelgelerini ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle-de ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalara garaldy. Bilelikdäki taslamalar demir we awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga, Hazarüsti ugruny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Ýewropanyň «Global Gateway» başlangyjyna goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Ulag arabaglanyşygy beýleki halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň hem wajyp ugry bolup durýar. Daşary ýurt maýa goýumlaryny we bilermenler goldawyny işjeň çekmek bilen, ýurdumyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlarynyň çatrygynda esasy üstaşyr merkeze öwrülýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitine köp sanly infrastruktura taslamalary gönükdirilýär. Şunda Türkmenistan Hytaýyň, GDA-nyň, Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň bazarlaryny birleşdirýän baglanyşdyryjy halka bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara karz guramalary Türkmenistanyň ulag pudagyna goýulýan maýa goýumlara ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde garaýarlar. Maliýe gurallarynyň milli ulag strategiýasy bilen utgaşdyrylmagy ýurdumyzda logistika çykdajylaryny azaltmaga, ýük daşamalary çaltlandyrmaga, üznüksiz sebitara integrasiýany üpjün etmäge mümkinçilik döredip, durnukly ykdysady ösüşe gönüden-göni ýardam berer.
Halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek, ýük daşamalary dolandyrmak üçin sanly platformalary ornaşdyrmak, elektron resminama dolanyşygyna geçmek, gümrük resmileşdiriş ulgamlaryny utgaşdyrmak, ulag infrastrukturasynyň ähli görnüşlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly yzygiderli işler alnyp barylýar. 4-nji noýabrda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik Garabogaz — serhetýaka böleginiň ulanmaga berilmegi bu wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag infrastrukturasy halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini paýtagtymyz bilen birleşdirjek Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Daşoguz welaýatynda birnäçe täze desganyň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň parasatly däplerini dowam etdirmek bilen, Türkmenistanda täze ýollaryň we köprüleriň gurulýandygyny nygtady. Bu işleriň ählisi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» netijesidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, täze awtomobil ýollary ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmaga we ulag gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy akymlarynyň möçberini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Şeýle hem sanly ulgam arkaly dolandyrylýan häzirki zaman enjamlary, gözegçilik serişdeleri oturdylar. Ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metre barabar bolan täze awtomobil köprüsi gurlar, ozal bar bolan 9 sany köpri bolsa doly döwrebaplaşdyrylar.
Şeýlelikde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly milli, sebitleýin we ählumumy derejede ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň täze başlangyçlaryna baý bolup, olar öňde boljak «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahatyň köp sanly myhmanlaryna hem tanyşdyrylar.