«Barselonanyň» futbol akademiýasy türkmenistanly Artýom Çernowyň üstünliklerini belledi

Amul Info ·

«Barselonanyň» futbol akademiýasy türkmenistanly Artýom Çernowyň üstünliklerini belledi

«Barselona» klubynyň «Barça Academy» futbol akademiýasy «Barça Academy Manas» toparynda çykyş edýän türkmenistanly ýaş futbolçy Artýom Çernowyň gazananlaryny resmi Instagram sahypasynda belläp geçdi. Ol FIFA-nyň U-15 dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde alty gol geçirip,…

«Barselona» futbol klubynyň «Barça Academy» akademiýasynyň resmi Instagram sahypasynda «Barça Academy Manas» toparynyň düzüminde çykyş edýän türkmenistanly ýaş futbolçy Artýom Çernowyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan ýazgy ýerleşdirildi. Bu barada «MilliInfo» neşiri habar berýär.

Akademiýanyň paýlaşan ýazgysynda Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli futbolçylardan düzülen milli ýygyndysynyň FIFA-nyň U-15 dünýä çempionatyndaky çykyşy bellenildi. Şol ýaryşda türkmen ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden Artýom Çernow aýratyn netijeliligi bilen tapawutlandy. Ol ýaryşda alty gol geçirip, toparynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

«Barça Academy» ýaş futbolça iňlis dilinde ýüzlenip, onuň gazanan üstünliginiň geljekde has uly üstünliklere başlangyç boljakdygyny nygtady. Akademiýa Artýoma netijeli çykyşlaryny dowam etdirmegi we öňde täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Türkmenistanly ýaş futbolçynyň halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi onuň geljekki ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Источник: Amul Info