2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Turkmenistan RSS Feed ·

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

2. 2026-njy ýylyň 27-nji sentýabryndaky dynç gününi 29-njy sentýabra — sişenbe gününe geçirmeli.

3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabry.

Источник: Turkmenistan RSS Feed