Alymlar Andes hantawirusynyň adam öýjüklerine aralaşmagynyň mehanizmini anykladylar
Amul Info ·

«Nature» žurnalynda çap edilen barlagda alymlar Andes hantawirusynyň adam öýjüklerine ýapyşmagynyň mehanizmini we antitelalaryň onuň täsirini nähili bökdeýändigini anykladylar. Bu açyş hantawiruslara garşy täze bejeriş usullaryny işläp taýýarlamaga ýol açyp biler.
Alymlar Günorta Amerikada duş gelýän Andes hantawirusynyň adam öýjüklerine nähili ýapyşýandygyny we ýokançlygyň öňüni almaga ukyply antitelalaryň onuň täsirini nähili bökdeýändigini anykladylar. «Nature» ylmy žurnalynda çap edilen barlagyň netijeleri hantawirus ýokançlyklaryna garşy täze derman serişdelerini işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri açýar .
Hantawiruslar — esasan gemrijiler arkaly ýaýraýan, RNK saklaýan wiruslaryň toparydyr. Adamlar köplenç ýokaşan gemrijileriň peşewiniň, tezeginiň ýa-da tüýküliginiň bölejikleri bilen hapalanan tozany dem almak arkaly bu wiruslara ýolugyp bilerler.
Hantawiruslaryň käbir görnüşleri esasan Ýewropa we Aziýada, beýlekileri bolsa Amerikada duş gelýär. Olaryň käbiri böwreklere zeper ýetirýän gemorragik gyzdyrmany döredýän bolsa, beýlekileri öýkeniň we ýüregiň işine täsir edip biler. Agyr ýagdaýlarda dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykyp, kesel ölüm howpuny döredip biler. Häzirki wagtda hantawirus ýokançlyklaryny bejermek üçin ýörite tassyklanan wirusa garşy derman serişdeleri çäkli bolup, bejergi esasan keseliň alamatlaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilýär.
Fransiýanyň Pariž-Site uniwersitetinden Leandro Battininiň ýolbaşçylygyndaky halkara ylmy topar Andes hantawirusynyň öýjüklere aralaşmak mehanizmini öwrenipdir. Bu wirusyň aýratynlygy — hantawiruslaryň köpüsinden tapawutlylykda, käbir ýagdaýlarda adamdan adama geçip bilmegidir.
Wirusyň adam öýjügine aralaşmagy üçin ilki bilen onuň ýüzüne ýapyşmagy zerur. Andes hantawirusy bu maksat bilen öýjükleriň ýüzünde ýerleşýän PCDH1 atly belogy ulanýar. Bu belok, şol sanda gan damarlarynyň öýjüklerinde hem duş gelýär we kadaly ýagdaýda öýjükleriň özara baglanyşmagyna gatnaşýar. Alymlar wirus bilen bu belogyň arasyndaky baglanyşygy öňden bäri bilseler-de, olaryň nähili birleşýändigi doly anyk däldi.
Barlagçylar wirusyň ýüzündäki belokly ösüntginiň nusgasyny laboratoriýa şertlerinde taýýarlap, ony PCDH1 reseptory bilen bilelikde kriyoelektron mikroskopiýasynyň kömegi arkaly öwrenipdirler. Bu usul olaryň gurluşyny örän ýokary takyklykda seljermäge mümkinçilik beripdir.
Netijede, wirusyň Gn atly belogynyň dört molekulasynyň birleşip, ösüntginiň merkezinde kiçijik çukurjyk emele getirýändigi anyklanypdyr. PCDH1 belogynyň belli bir bölegi şol çukurjyga girip, bir wagtyň özünde Gn belogynyň dört molekulasy bilen baglanyşýar. Şeýlelikde, reseptory tanamak üçin zerur bolan gurluş diňe wirusyň belokly ösüntgisi doly emele gelende döreýär. Ösüntginiň Gc atly beýleki belogy bolsa wirusyň bardasynyň öýjük membranasy bilen birleşmegine ýardam berýär.
Alymlar Gn belogynyň adam öýjüklerini tanamagyna gatnaşýan üç sany kiçi gurluş bölegini hem kesgitläpdirler. Synaglaryň dowamynda başga bir hantawirusyň — Hantaan wirusynyň degişli bölekleri Andes wirusynyň bölekleri bilen çalşyrylanda, laboratoriýada taýýarlanan wirus bölejikleri PCDH1 reseptory bilen baglanyşyp başlapdyr. Emma bu baglanyşyk Andes wirusyndaky ýaly güýçli bolmandyr.
Barlagyň möhüm netijeleriniň biri hem antitelalaryň wirusyň öýjüge ýapyşmagynyň öňüni nähili alýandygy bilen baglanyşyklydyr. Wirusyň reseptor bilen birleşýän çukurjygy örän dar bolansoň, adaty antitelalaryň oňa göni girmegi kyn. Muňa garamazdan, alymlar antitelalaryň wirusyň täsirini iki dürli usul arkaly bökdeýändigini anyklapdyrlar.
Öwrenilen dört sany zyýansyzlandyryjy antitelanyň ikisi çukurjygyň golaýynda ýerleşip, onuň girelgesini ýapýar. Beýleki ikisi bolsa wirusyň belokly ösüntgisiniň başga böleklerine birleşýär. Olaryň ululygy sebäpli, PCDH1 reseptory wirusyň birleşmeli ýerine ýakynlaşyp bilmeýär. Şeýlelikde, antitelalar çukurjyga göni girmezden hem wirusyň öýjüge ýapyşmagynyň öňüni alyp bilýär.
Alymlaryň pikiriçe, bu açyş hantawirus ýokançlyklaryna garşy täze bejeriş usullaryny döretmekde ähmiýetli bolup biler. Hususan-da, wirusyň reseptory tanaýan çukurjygynda ýerleşip biljek ownuk molekulalary ýa-da ýörite antitelalary işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Eger bu bölegi blokirlemek başartsa, wirusyň öýjüge ýapyşmagy we ýokançlygy başlatmagy kynlaşyp biler.
Şeýle-de bolsa, teklip edilýän çemeleşmäniň bejergide näderejede netijeli boljakdygyny anyklamak üçin goşmaça barlaglar zerurdyr.