Türkmen wekiliýeti Wenada söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy
Amul Info ·

22–23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahadowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde iş saparynda boldy. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, birža söwdasynyň…
2026-njy ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahadowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we özara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmekden ybarat boldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň prezidenti Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder bilen duşuşdy. Şeýle hem Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň Günorta-Gündogar Ýewropa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory, sebit dolandyryşynyň ýolbaşçysy Dražen Maloçeý bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, birža söwdasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we oba hojalyk önümleriniň söwdasyny işjeňleşdirmek meselelerine garaldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar.
Geçirilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Awstriýanyň degişli edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary ösdürmek hem-de geljekde bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga şert döretdi.
Wenada geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we institusional hem-de täjirçilik gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.