Tailand 2027-nji ýyldan daşary ýurtly syýahatçylardan ýörite ýygym almagy meýilleşdirýär
Amul Info ·

Tailand 2027-nji ýylyň ortalaryndan ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylardan 450 bat möçberinde ýörite ýygym almagy meýilleşdirýär. Ýygnalan serişdeler syýahatçylary ätiýaçlandyrmaga, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmäge we tebigy ýadygärlikleri goramaga gönükdiriler. Täze tölegiň ilki bilen…
Tailand 2027-nji ýylyň ortalaryndan ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylardan 450 bat möçberinde ýörite ýygym alyp başlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada ýerli «Matichon» gazeti ýurduň Syýahatçylyk we sport ministrliginde geçirilen maslahatlaşmalaryň netijelerine salgylanyp habar berdi.
Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministri Surasaka Phançaroenworrakulyň bellemegine görä, ýygnalan serişdeler daşary ýurtly syýahatçylaryň ätiýaçlandyrylmagyna, syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösdürilmegine hem-de ýurduň tebigy ýadygärlikleriniň goralmagyna gönükdiriler.
Ministriň düşündirmegine görä, bu başlangyjyň öňe sürülmegine döwlet býujetinden syýahatçylyk pudagynyň zerurlyklary üçin bölünip berilýän serişdeleriň ýeterlik däldigi sebäp boldy.
Täze ýygymyň ilkinji nobatda Tailandda howa ýoly arkaly gelýän daşary ýurtly syýahatçylara degişli bolmagyna garaşylýar. Gury ýer we suw ýollary arkaly ýurda gelýän syýahatçylardan ýörite ýygym almak meselesi bolsa soňraky döwre goýlupdyr.