«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Turkmenistan RSS Feed ·
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada beýan edilýär.
Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Nygtalyşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen 2026-njy ýyl eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, ykdysadyýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçiligi ilerletmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär. Döwletimizde raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda öňde goýlan esasy wezipäniň geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär.
Žurnalyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşy hem ýerleşdirilipdir. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý bolandygy, bu wakalaryň ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezendigi nygtalýar.
Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistanyň oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplandygyny, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleriniň bolsa parahat durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi.
“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bularyň ählisi bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly bahadyr, ýokary ynamdyr» diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Elektrik energiýasy, nebitgaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma, azyk hem-de derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar.
«Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň konstitusion we halkara zähmet kadalary durmuşa geçirmek ugrundaky işleri» atly makala okyjylaryň ünsüni çeker. Onda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň zähmet we onuň bilen bagly beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna hem-de bähbitlerine wekilçilik etmek we olary goramak, zähmeti gorap saklamak, onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydygy bellenilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işi «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenendir.
Guramaçylyk düzümi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini (TKAMM), 14 senagat, 5 welaýat we Arkadag şäheriniň, şeýle hem etrap we şäher kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiklerini öz içine alýar. Olar işgärleriň, zähmet toparlarynyň kanuny hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik edýärler we goraýarlar. TKAMM-nyň halkara işi daşary ýurtlardaky kärdeşler arkalaşyklarynyň tejribesini nazara almak bilen, bu ugurda iş tejribesini baýlaşdyrmaga, işgärleriň zähmet hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak ugrunda beýleki ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklaryna goldaw bermäge, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň abraýyny we Halkara kärdeşler arkalaşygy hereketindäki ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Neşiriň sahypalarynda «Maşgala gymmatlyklaryny goramakda maşgala kanunçylygynyň ähmiýeti» atly makala berlipdir. Awtor maşgala gymmatlyklaryny ykrar etmekde, hukuk taýdan berkitmekde we goramakda, jemgyýetiň däp bolan ahlak kadalaryny (wepalylyk, özara kömek, jogapkärçilik) kanuny hukuklar, borçnamalar we kepillikler derejesine geçirmekde maşgala kanunçylygynyň möhüm orun eýeleýändigini belleýär. Atalyk, enelik we çagalyk meseleleri kanun çykaryjylyk işiniň üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň hukuk goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksi, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly düzgünleşdirilýär.
Žurnalda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenen makalalara hem möhüm orun berlipdir. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmek, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň hereket edýän kanunlarda dabaralanýandygyny şöhlelendirmek üçin bu bäsleşigi yglan edýär.
«Maglumat jemgyýetiniň ösüşiniň halkara we milli jähetleri» atly makalada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň bölümçe müdiri halkara maglumat alyş-çalşygy we maglumat jemgyýetiniň nusgalaryny kemala getirmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini ösdürmäge bolan täze garaýyşlar barada gürrüň berýär. Ählumumy derejede maglumat jemgyýetiniň düzümleri Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalar tarapyndan kadalaşdyrylýar. Geografik çäkler höweslendirilýär, maglumat alyş-çalşygy amala aşyrylýar, transmilli tehnologiýalar ösdürilýär. Maglumatlary goramak, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, emeli aňy we serhetüsti maglumat akymlaryny kadalaşdyrmak ugrunda halkara hukuga zerurlyk ýüze çykýar. Aýry-aýry döwlet derejesinde maglumat jemgyýetiniň ösüşi içerki syýasata, kanunçylyga we sanly işjeňlige bagly bolup durýar.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara hukugy» atly makalada bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleridigi barada bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň manysy diňe bir uruşlara gatnaşmazlykdan däl-de, eýsem, yzygiderli parahatçylyk diplomatiýasyny ilerletmekden, başga döwletleriň işlerine goşulmazlykdan, olaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmakdan, sebit we ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga ýardam bermekden, umumy abadançylygy üpjün etmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürýär, häzirki zaman ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň çägini giňeldýär.
Neşirde çap edilen makalalaryň hatarynda «Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk düzgünleşdirilişi» atly makala hem bar. Onda aýratyn goralýan tebigy ýerlere tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek maksady bilen, döwletiň aýratyn goragyna alnan, aýratyn tebigy goraýyş, ylmy, medeni-öwreniş, dynç alyş-sagaldyş, estetiki gymmaty bolan tebigy gurşawyň ýer bölekleri (ýerler, tokaýlar, suwlar, ýerasty baýlyklar, howa giňişligi), tebigy toplumlar we aýry-aýry obýektleriň degişlidigi bellenilýär. Şeýle ýerleri dolandyrmagy guramak, goramak we peýdalanmak babatda gatnaşyklar «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ýer hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler arkaly kadalaşdyrylýar.
Däp bolşy ýaly, žurnal «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň iýul — sentýabr aýlarynda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen maslahatlara, duşuşyklara hem-de beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara hödürlenilýär.