«Gyzylaýak» taryhy ýadygärliginde gadymy döwrüň maddy medeniýetine degişli tapyndylar ýüze çykaryldy
Amul Info · · kerki, lebap

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän «Gyzylaýak» taryhy-medeni ýadygärliginde geçirilen gazuw-barlag işleriniň dowamynda gadymy ilatyň durmuşyna, gurluşyk sungatyna we hojalyk işlerine degişli tapyndylar ýüze çykaryldy. Erkgalada 5×5 metr ölçegli meýdançada alnyp barlan gazuw işleri takmynan…
Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Gyzylaýak» taryhy-medeni ýadygärliginde gazuw-barlag işleri geçirildi. Gözlegleriň dowamynda gadymy galanyň gurluşyna, şol ýerde ýaşan ilatyň durmuşyna we hojalyk işlerine degişli birnäçe tapyndylar ýüze çykaryldy . Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Gazuw işleri ýadygärligiň Erk galasynda 5×5 metr ölçegli meýdançada alnyp baryldy. Barlaglar takmynan 1,4 metr çuňluga çenli dowam etdirilip, dürli döwürlere degişli medeni gatlaklar öwrenildi.
Gözlegleriň esasy maksady Amyderýanyň orta akymynda biziň eýýamymyzyň I–IV asyrlarynda ýaşan ilatyň maddy medeniýetini, Kuşanlar döwründe kemala gelen oturymly obalaryň ösüşini öwrenmekden ybaratdyr. Şeýle-de barlaglar Parfiýa şadöwletiniň ozalky çarwa medeniýetiniň özgermegine ýetiren täsirini anyklamaga, toplanan maglumatlary seljermäge we ylmy dolanyşyga girizmäge gönükdirildi.
Gyzylaýak galasy Amyderýanyň çep kenarynda, Grek-Baktriýa döwletiniň çägine ýakyn ýerde ýerleşýän möhüm taryhy ýadygärlikleriň biridir. Häzirki güne çenli ägirt uly depe görnüşinde saklanyp galan bu toplum öz döwründe emeli beýik platformanyň üstünde gurlupdyr. Derýadan geçmek üçin amatly ýerde ýerleşmegi galanyň kerwen ýollaryna gözegçilik etmekde möhüm orun eýeländigini görkezýär.
Taryhy maglumatlara görä, gala içki erkgaladan we şähristandan ybarat bolupdyr. Erkgalanyň beýikligi 10–15 metre ýetipdir. Inedördül görnüşde gurlan galanyň daş-töwereginde suw goýbermek üçin ýörite garym hem bolupdyr. Ilatyň ýaşan ýeri bolan şähristan bolsa galanyň günorta böleginde ýerleşipdir.
Gazuw-barlag işleriniň dowamynda keramiki gaplaryň bölekleri, diwar galyndylary we dürli ölçegdäki bişen kerpiçler tapyldy. Şeýle-de mis teňňäniň galyndysy, orta asyrlara degişli mis käse, syrçaly şemdan, daş ýüzüne suw tolkunlarynyň şekili çekilen uly humuň bölekleri hem-de iki görnüşli degirmen daşynyň galyndylary ýüze çykaryldy. Mundan başga-da, aýaklary we kelle bölegi zeper ýeten at heýkeljigi, hojalykda ulanylan dürli gap-gaçlaryň bölekleri tapyldy.
Tapyndylaryň arasynda alymlaryň aýratyn ünsüni çeken zatlaryň biri küle öwrülen çybyklaryň arasyndan tapylan pile bölejigi boldy. Çybyklaryň biriniň üstünde beýlekisiniň atanaklaýyn ýerleşdirilendigi hem anyklanyldy.
Bişen kerpiçleriň dürli ölçeglerde ýüze çykarylmagy bu ýerde gurluşyk işleriniň ösen bolandygyny görkezýär. Tapyndylar Gyzylaýak galasynyň gadymy döwürde Amyderýanyň orta akymyndaky oturymly ilatyň ýaşaýşyny, binagärligini we hojalyk medeniýetini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.