Türkmenistanyň bilim ministri Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi
Amul Info ·

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumynyň çäklerinde Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy mirasy, beýik alymlaryň dünýä ylmyna we bilimine goşan goşandy bilen tanyşdy.
Merkezi Aziýanyň halkara bilim forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Ürgenç döwlet uniwersitetiniň rektory Feruza Madrahimowanyň ýoldaşlygynda Yslam siwilizasiýasy merkezine baryp gördi.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti halklaryň baý taryhy mirasy, beýik alymlaryň dünýä ylmynyň, bilimiň we pikirleniş medeniýetiniň ösmegine goşan goşandy bilen tanyşdy.
Yslam siwilizasiýasy merkezi ata-babalaryň döreden ylmy we ruhy mirasyny öwrenmek, ony häzirki we geljekki nesillere ýetirmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan medeni-bilim ojagydyr. Merkeziň ekspozisiýalarynda beýik alymlaryň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan goşandy, olaryň ylma we bilime bolan ymtylyşy, giň dünýägaraýşy hem-de aň-bilim ýaýratmak däpleri giňden şöhlelendirilýär.
Myhmanlar merkeziň sergi bölümleri bilen tanyşmak arkaly Merkezi Aziýa halklaryny umumy taryhyň, ruhy gymmatlyklaryň we ylma-bilime bolan hormatyň birleşdirýändigine ýene bir gezek göz ýetirdiler.