Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär
Amul Info · · turkmenbasy, balkan

Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenbaşy portunda konteýner terminalyny gurmak başlangyjy öňe sürülýär. Bu taslamalar Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky…
Orta geçelge boýunça ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Türkmenbaşy deňiz porty bilen Azerbaýjanyň Alýat portunyň arasynda yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär . Bu başlangyç sebitiň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
«Report» agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň Ekspeditorlar assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary, «U.F.E. Shipping» kompaniýasynyň baş direktory Elmir Poladow Ýewropa Bileleşigi bilen Azerbaýjanyň arasynda geçirilen 2026-njy ýylyň Işewürlik forumynda çykyş edende aýtdy.
Elmir Poladow Türkmenistanyň Orta geçelgäniň ösdürilmeginde möhüm mümkinçiliklere eýedigini we Türkmenbaşy deňiz portunyň zerur infrastruktura bilen üpjün edilendigini belledi. Onuň pikirine görä, bu portuň üsti bilen Hytaýdan Azerbaýjana konteýner ýüklerini daşamak üçin amatly şertler döredilip bilner.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy portunda konteýner terminalyny gurmak hem-de Alýat porty bilen yzygiderli fider gatnawyny ýola goýmak teklip edilýär. Şeýle gatnaw deňiz ýollary arkaly ýükleri bir portdan beýleki porta yzygiderli daşamaga mümkinçilik berer.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýyllyk kuwwaty 17 million tonna ýük we 400 müň konteýner daşamaga deňdir.
Alýat portunyň konteýner terminalynyň häzirki ýyllyk kuwwaty bolsa 150 müň TEU-a, ýagny 20 futluk konteýneriň ekwiwalentine deňdir. «Report» agentliginiň Baku halkara deňiz portunyň wekili Hudaýar Hasana salgylanyp habar bermegine görä, terminalyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanandan soň, onuň kuwwatyny ýylda 500 müň TEU-a çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Türkmenbaşy we Alýat portlarynyň arasynda yzygiderli deňiz gatnawynyň ýola goýulmagy Orta geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, konteýner ýükleriniň daşalmagyny ýeňilleşdirmäge we Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip biler.