Alanýada dünýäniň 32 ýurdundan 350 žurnalist halkara duşuşygyna gatnaşýar

Amul Info ·

Alanýada dünýäniň 32 ýurdundan 350 žurnalist halkara duşuşygyna gatnaşýar

Türkiýäniň Alanýa şäherinde geçirilýän VI Global Media Duşuşygyna dünýäniň 32 ýurdundan 350 žurnalist gatnaşýar. 6–10-njy noýabr aralygynda dowam edýän halkara çärä Türkmenistana wekilçilik edip, «Atavatan Media» habarlar toparynyň baş redaktory Döwran Orazgylyjow hem gatnaşýar. Duşuşykda emeli…

Türkiýäniň Alanýa şäherinde 6-njy Global Media Duşuşygy geçirilýär. 6–10-njy noýabr aralygynda dowam edýän halkara çärä dünýäniň 32 ýurdundan 350 žurnalist we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Türkmenistanyň wekili hökmünde duşuşyga «Atavatan Media» habarlar toparynyň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjow hem gatnaşýar.

Halkara duşuşygyň esasy maksady dürli ýurtlaryň žurnalistleriniň arasynda tejribe alyşmagy ýola goýmak, häzirki zaman žurnalistikasynyň ösüş meýillerini we sanly tehnologiýalaryň metbugat ulgamyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Gatnaşyjylar, hususan-da, emeli aňyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanylyşy we onuň döredýän täze mümkinçilikleri barada pikir alyşýarlar.

Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde 7-nji noýabrda gatnaşyjylar üçin Alanýa şäheriniň taryhy we medeni ýadygärliklerine gezelenç guraldy. Olar Alanýa galasy, gadymy Syedra şäheri, Gyzyl diňiň ýerleşýän meýdançasy we gämi gurluşyk desgalary bilen tanyşdylar.

8-nji noýabrda halkara duşuşygyň çäklerinde metbugat geňeşleriniň mejlisleri, umumy ýygnak we media ulgamyna bagyşlanan ýörite maslahat geçirilýär. Maslahatyň gün tertibine emeli aň döwründe žurnalistikanyň orny, sanly metbugatda täze tehnologiýalaryň ulanylyşy, hünär işinde maglumatlaryň ýoýulmagy bilen bagly hukuk meseleleri, şeýle hem metbugat we zorluk temalary girizildi.

9-njy noýabrda jemgyýetçilikde zorluga garşy göreşmek meselesine bagyşlanan okuw maslahaty geçiriler. Şeýle-de maksatnamada baýrak gowşurylyş dabarasy we gala agşamlygy göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň wekili Döwran Orazgylyjowyň duşuşygyň dowamynda halkara media jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen hünär gatnaşyklaryny ösdürmek, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligi bolar.

Global Media Duşuşygy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen žurnalistleri bir ýere jemläp, halkara media hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we häzirki zaman žurnalistikasynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilik döredýär.

Источник: Amul Info