Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Turkmenistan RSS Feed ·

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.

Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyndaky bilermenler, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň gün tertibine azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, saglyk, energetika, ulag, söwda, maliýe, ylym-bilim, senagat, tehnologiýalar, şäherleri durnukly ösdürmek we zyňyndylary azaltmak boýunça milli borçnamalary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, durmuş-medeni maksatnamalar girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän bu dünýä derejesindäki maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

...Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyndan maslahatyň geçirilýän ýerine — «Antalýa Ekspo merkezine» ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de wideoşekiller görkezildi. Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylary mübärekledi. Ol öz çykyşynda häzirki döwrüň möhüm ähmiýetini belläp, howanyň bu babatda görülýän çärelerden has çalt üýtgeýändigini aýtdy we dünýä jemgyýetçiligini has netijeli çäreleri görmäge çagyrdy.

Sammitiň plenar mejlisiniň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli borçnamalary ýerine ýetirmek we ekologik taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylar ýapyk aýlawly ykdysadyýet standartlaryny, galyndysyz senagat ýörelgelerini ornaşdyrmak, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz maslahatyň Liderler sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik we bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ýurdumyzyň bu maslahata howanyň üýtgemeginiň soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýandygy nygtaldy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny aýdyp, munuň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini, häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga degişli anyk çäreler bilen berkidilýändigini belledi.

“Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek wajyp ugur bolup durýar. Bu işde milli energetika üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň ýitgisini azaltmak, zyňyndylara gözegçiligi kämilleşdirmek boýunça çäreler toplumy amala aşyrylýar. Türkmenistan howanyň ýagdaýy baradaky hasabatlylygy we aýdyňlygy kämilleşdirmäge uly üns berýär. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi baradaky Dördünji milli habarnamany taýýarlady hem-de Türkmenistanyň Milli derejede goşandyny kesgitleýän nobatdaky üçünji täzelenen habarnama boýunça işleri tamamlady.

Biz howa gün tertibi babatda milli tagallalara sebit hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegi hökmünde esasly seredýäris. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady, durmuş, ekologiýa, tebigaty goramak, suw-energetika we beýleki ugurlardaky ösüşi özara baglanyşyklydyr. Bu şertlerde toplumlaýyn çemeleşmek sebitiň ýurtlaryna bar bolan soraglary netijeli çözmek üçin özara bähbitleri hasaba almaga mümkinçilik berer diýip pikir edýäris. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm üstünlikleriň biri boldy” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda nygtady.

“Mälim bolşy ýaly, bu merkezi döretmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi we sebitiň döwletleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň goldawyny gazandy” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň başlangyjyna netijeli, jogapkärçilikli garandyklary, ony goldandyklary hem-de amala aşyrmaga gatnaşandyklary üçin ähli gyzyklanma bildiren taraplara minnetdarlygyny beýan etdi. Milli Liderimiz Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz işine başlaýandygyny habar berip, bu işiň ylalaşylan guramaçylyk-hukuk gurallaryna we halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçiriljekdigine ünsi çekdi.

“Çölleşme Merkezi Aziýa üçin düýpli mesele bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda we goldamagynda toplumlaýyn hem-de bilelikdäki işleriň wajypdygyny belleýär. Biz bu işiň netijeli usulyny-da gönüden-göni Merkezi Aziýanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň zerur gurallaryny döretmek arkaly tapyp bileris diýip hasap edýäris. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy şuny göz öňünde tutýar. Bu başlangyjy iş ýüzünde öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň Sekretariaty hem-de gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etdirer” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara durnukly ösüş gün tertibine goşan möhüm goşandy boldy. Maslahatyň dowamynda ozal BMG tarapyndan makullanan, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna resmi taýdan badalga berildi. Resminamada döwletleriň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, uýgunlaşma usullaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şeýle hem onda häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, halkara maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge uly orun berilýär. “Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna başlyklyk edýän döwlet hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegi möhüm diýip hasaplaýar” diýip, Milli Liderimiz belledi we şu maksat bilen, häzirki maslahatyň çäklerinde «Awazadan Antalýa çenli: howa bilen bagly hereketleri ilerletmek we Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mowzuklaýyn sessiýany geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Gahryman Arkadagymyz halkara tagallalary howa bilen bagly meseleleri çözmek işinde jemlemäge möhüm ähmiýet berlip, howa meselesinde halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermekden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan birnäçe başlangyjyň teklip edilýändigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistan 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Bu başlangyç halkara bileleşigiň ünsüni döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmak we serişdeleri ýurtlara hem-de sebitlere gönükdirmek boýunça anyk wezipeleri çözmek üçin jemlemäge mümkinçilik berer. Şeýle hem gatnaşygyň täze inklýuziw görnüşini — howa gün tertibiniň soraglary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek, gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Howa boýunça Aşgabat dialogynyň çäklerinde Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ählumumy ykdysady gaznasy we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär. Bu başlangyjyň esasy maksady howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmek, onuň ýaramaz netijelerine baha bermek, oňa uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn maglumat-seljeriş usulyny döretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmegi teklip edýär.

Daşky gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmek ugrunda-da çykyş edýär. “Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda hereket edýän halkara düzgünleri, kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň, howa boýunça ählumumy forumlarda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigini belledi. Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen anyk we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Türkiýä iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasynyň resmi adamlary ugratdylar.

Paýtagtymyzyň Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji mähirli garşyladylar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekili bilen gürrüňdeş boldy.

Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyran saparynyň iki doganlyk ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şeýle hem diplomat Milli Liderimiziň “COP31” maslahatynyň Liderler sammitinde beýan eden teklipleriniň ählumumy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ähmiýetini nygtady hem-de Türkiýä şu gezekki saparyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Liderler sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ählumumy gün tertibine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň sammitiň belent münberinden öňe süren teklipleri bolsa ýurdumyzyň halkara dialogyň işjeň gatnaşyjysydygyny tassyklady.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň milli pawilýony ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň beýany boldy. Ekspozisiýa dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň ekologik taýdan arassa, suw we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan başlap, metan zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ilerletmek boýunça toplumlaýyn başlangyçlary bilen tanyşdyrýar. Hususan-da, «Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek» şygary bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryna aýratyn üns çekilýär. Güýzki we ýazky bag ekmek çäreleriniň dowamynda ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp bag nahaly oturdylýar. Şeýle hem sergi bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.

Milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ministri Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-niň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.

Ýurdumyz bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyk; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleri bilen bilelikde «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak» atly taslama resminamasy; Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.

Источник: Turkmenistan RSS Feed