«Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplaşygyndаkу önümçilik kärhanasynyň» tehnikalar parky giňeldilýär
Turkmenistan RSS Feed · · dashoguz
Bu ýyl dört sany ponton görnüşli ýer gazyjy gämi Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplyşygyndаkу önümçilik kärhanasynyň» parkynda gurnaldy.
Bu ýyl dört sany ponton görnüşli ýer gazyjy gämi Daşoguz welaýatynda ýerleşýän «Ýer-suw gurluşyk hojalyk hasaplyşygyndаkу önümçilik kärhanasynyň» parkynda gurnaldy. «Julong» kysymly täze tehnikalary howdanlaryň düýbüni çuňaltmak we arassalamak üçin niýetlenen ýörite gämilerden durýar.
Sökülip düzülýän gurluşly tehnikalary tiz ýagdaýda hut iş geçirilýän ýerinde hem düzüp hem söküp bolýar we her bir ýapyk suw howdanyna daşap bolýar. Olar ýokary öndürijiligi bilen we işläp düzüjiliginiň çuňlugy, gurnawynyň aňsatlygy,işleýşi we tehniki hyzmaty bilen tapawutlanýarlar.
Hatda şu günki geçirilen tehniki gözegçilikden soňra bu döwrebap ýokary öndürijilikli tehnika sebtiň suw howdanlarynda öz netijeliligini görkezdi. Döwrebap tehnikalaryň, şol sanda Niderlandlarda öndürilen meşhur «Beaver» kysymly ýer gazyjy gämileriň bolmagy sebitde täze zeýkeş-zeýakaba torlaryny gurýan we hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrýan zähmet toparynyň üstünlikli işlemegine ýardam edýär.
Bu ýyl toparyň ygtyýaryna täze kuwwatly buldozerler, zynjyrly susguçly ekskawatorlar we dürli maksatlar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň birnäçesiniň gelip gowşandygyny belläp geçmek gerek.