Türkmen okuwçylary Özbegistanda geçirilen himiýa olimpiadasynda dört medal gazandy
Amul Info ·

Türkmenistanly okuwçylar Özbegistanda geçirilen Abu Reýhan Birunynyň adyny göterýän III halkara himiýa olimpiadasynda dört medal gazandylar. Palwan Ilmämmedow altyn, Myrat Didarow we Maksat Tylläýew kümüş, Jennet Şadurdyýewa bolsa bürünç medala mynasyp boldy. 3–10-njy noýabrda geçirilen bäsleşige…
Türkmenistanly dört okuwçy Özbegistanda geçirilen Abu Reýhan Birunynyň adyny göterýän III halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, bir altyn, iki kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada olimpiadanyň resmi saýtynda habar berildi.
Ýaryşyň netijelerine görä, Palwan Ilmämmedow altyn medaly, Myrat Didarow we Maksat Tylläýew kümüş medallary, Jennet Şadurdyýewa bolsa bürünç medaly gazandy.
3–10-njy noýabr aralygynda geçirilen halkara bäsleşige Azerbaýjandan, Kosta-Rikadan, Gruziýadan, Ysraýyldan, Iordaniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Katardan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Täjigistandan, Taýlanddan, Türkiýeden, Türkmenistandan we Özbegistandan jemi 108 okuwçy gatnaşdy.
Olimpiadanyň jemleri boýunça gatnaşyjylar 13 altyn, 25 kümüş we 37 bürünç medal gazandylar.
Türkmen okuwçylarynyň bu halkara bäsleşikde gazanan netijeleri ýaşlaryň himiýa ylmy boýunça bilimleriniň we zehinleriniň ýokary derejededigini görkezýär.