Türkiýäniň Kappadokiýa sebitinde ýolagçy awtobusy agdaryldy

Amul Info ·

Türkiýäniň Kappadokiýa sebitinde ýolagçy awtobusy agdaryldy

Türkiýäniň Kappadokiýa sebitinde ýolagçy awtobusynyň agdarylmagy netijesinde azyndan 16 daşary ýurtly syýahatçy şikes aldy. Olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär. Deslapky maglumatlara görä, sürüjiniň ulagyň dolandyryşyny ýitirmegi hadysa sebäp bolup biler, emma heläkçiligiň anyk…

Türkiýäniň Kappadokiýa sebitinde ýolagçy awtobusynyň agdarylmagy netijesinde azyndan 16 sany daşary ýurtly syýahatçy şikes aldy. Olaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berilýär. Bu barada « news.by » neşiri maglumat berdi.

Ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerine dessin gulluklaryň işgärleri gelip, zerur kömegi bermäge girişdiler.

Deslapky maglumatlara görä, awtobusyň sürüjisiniň ulagyň dolandyryşyny ýitirmegi hadysa sebäp bolup biler. Ýöne munuň anyk sebäpleri häzirlikçe belli däl.

Источник: Amul Info