Türkmenistanyň DIM-inde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy
Turkmenistan RSS Feed ·
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Maslahatyň dowamynda öňde durýan işleriň esasy ugurlary, tematik çäreleri guramak boýunça teklipler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän döwlet edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak bilen bagly meseleler gözden geçirildi.
Bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamany konsensus esasynda kabul etdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň häzirki halkara gatnaşyklarynda halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň giň halkara goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda 2028-nji ýylyň Halkara hukugynyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni halkara hukugynyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, döwletleriň arasynda ynamy pugtalandyrmakda hem-de konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde eýeleýän möhüm ornuna çekjekdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini yzygiderli berjaý etmegiň, halkara borçnamalary meýletin ýerine ýetirmegiň we jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge ygrarly bolmagyň halkara hukuk tertibini pugtalandyrmagyň möhüm şertleri bolup durýandygy bellenildi.
Milli hereketleriň meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, meýilleşdirilen çäreleriň mazmunyny baýlaşdyrmaga, halkara hukugynyň ähmiýeti barada habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen işlere, şeýle hem bu ugurda milli we halkara derejelerde özara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň netijeleri boýunça halkara hukugynyň ýörelgelerini ilerletmäge, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşmegiň möhümdigi bellenildi.