Türkmenistan bilen Kataryň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
Amul Info ·

Doha şäherinde geçirilen «Geljege maýa goýum» atly IX Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kataryň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de bilelikdäki çäreleri…
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanow bilen Katar Döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň Söwda işleri boýunça döwlet ministri doktor Ahmed bin Mohammed Al-Sayediň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk Kataryň paýtagty Doha şäherinde «Geljege maýa goýum» atly 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumynyň çäklerinde guraldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. N. Agahanow foruma gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, maýa goýum ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň wekili ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça oňyn ösdürilýändigini nygtap, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meýilleşdirilen işleriň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.
Katar Döwletiniň Söwda işleri boýunça döwlet ministri Ahmed bin Mohammed Al-Sayed türkmen wekiliýetiniň halkara foruma gatnaşýandygyna hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary geljekde has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň we duşuşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle duşuşyklar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny täze ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam eder.