Alymlar haýsy gan barlaglaryny aç garna tabşyrmagyň zerurdygyny anykladylar
Amul Info ·

JAMA Internal Medicine žurnalynda çap edilen barlagda 101 müňden gowrak näsagyň laboratoriýa netijeleri seljerildi. Alymlar nahar iýmegiň, esasan, ganyň glýukoza, trigliseridler, lipaza we GGT görkezijilerine täsir edip biljekdigini anykladylar. Şeýle-de uzak wagtlap aç galmak bilirubiniň we D…
Gan barlaglaryny tabşyrmazdan öň aç bolmak köp ýyllardan bäri lukmançylyk tejribesinde giňden ýaýran talaplaryň biridir. Emma täze ylmy barlagyň netijeleri ähli gan barlaglary üçin iýmitden ýüz öwürmegiň hökmany däldigini görkezýär. Alymlaryň bellemegine görä, aç garna gan tabşyrmak, esasan, dört görnüşli barlagyň netijelerine düýpli täsir edip biler.
JAMA Internal Medicine ylmy žurnalynda çap edilen barlagda Günorta Koreýanyň hassahanalarynyň birinde geçirilen barlaglaryň giňişleýin maglumatlary seljerildi. Alymlar 18 ýaşdan 106 ýaşa çenli bolan 101 148 näsagyň takmynan 10 million laboratoriýa netijesini öwrendiler. Gatnaşyjylar soňky gezek nahar iýeninden bäri geçen wagta görä üç topara bölündi: sekiz sagatdan az, 8–12 sagat we 12 sagatdan köp aç bolanlar.
Barlagyň netijelerine görä, öwrenilen 121 görkezijiniň diňe dördüsinde nahar iýmegiň ýa-da aç bolmagyň täsiri aýratyn ähmiýetli bolup çykdy. Olar ganyň düzümindäki glýukoza, trigliseridler, lipaza fermenti we gamma-glutamiltransferaza (GGT) görkezijileridir.
Glýukoza ganda şekeriň derejesini kesgitlemäge kömek edýär. Trigliseridler bedende energiýa ätiýaçlygy hökmünde saklanýan ýaglaryň bir görnüşidir. Lipaza aşgazanasty mäz tarapyndan öndürilýän we ýaglaryň siňdirilmegine gatnaşýan fermentdir. GGT bolsa, esasan, bagryň we öt ýollarynyň ýagdaýyna baha bermekde ulanylýan ferment görkezijisidir.
Alymlar umumy bilirubiniň we D witamininiň esasy metaboliti bolan 25-gidroksiwitamin D-niň görkezijileriniň hem 12 sagatdan köp aç bolnanda üýtgäp bilýändigini anykladylar. Şonuň üçin uzak wagtlap nahar iýmezlik bu barlaglaryň netijelerine hem täsir edip biler. Beýleki barlaglaryň köpüsinde bolsa açlygyň dowamlylygyny 12 sagatdan hem köpeltmek netijeleri düýpli üýtgetmändir.
Şeýle-de barlagda tutuş ganyň glýukozasy, ýumurtgalyk kesellerini, şol sanda ýumurtgalyk rakyny anyklamakda ulanylýan CA-125 görkezijisi we ganyň kislota-aşgar deňagramlylygy bilen baglanyşykly umumy kömürturşy gazy ýaly görkezijilerde hem tapawutlar ýüze çykaryldy. Pes dykyzlykly lipoproteinleriň (LDL) derejesinde hem üýtgeşmeler bolupdyr. Emma bu görkeziji beýleki maglumatlaryň esasynda hasaplanylýandygy üçin, onuň netijelerine birnäçe faktor täsir edip biler.
Barlagyň awtorlary käbir çäklendirmeleriň bardygyny hem belleýärler. Hususan-da, maglumatlar Günorta Koreýanyň bir hassahanasyndan alnyp, gatnaşyjylaryň köpüsiniň ýaşy uly adamlardan ybaratdy. Şonuň üçin netijeleri ähli ilata birmeňzeş derejede degişli etmek üçin goşmaça barlaglar zerur bolup biler.
Gan barlagyny aç garna tabşyrmak hemişe zerurmy?
Barlagyň netijeleri köp sanly gan barlagy üçin aç bolmagyň hökmany däldigini görkezse-de, bu talaby özbaşdak äsgermezlik etmek bolmaz. Käbir barlaglar üçin lukman aç garna gelmegi maslahat berip biler, käbir ýagdaýlarda bolsa birnäçe barlag bir wagtda geçirilende iýmit kabul etmezlik talap edilýär.
Şonuň üçin gan tabşyrmazdan öň lukmanyň ýa-da laboratoriýanyň beren görkezmelerini berjaý etmek möhümdir. Esasan-da, süýji keseli bolan adamlar uzak wagtlap aç galmazdan öň lukman bilen maslahatlaşmalydyrlar. Barlaga dogry taýýarlyk görmek netijeleriň takyk bolmagyna we saglyk ýagdaýyna dogry baha berilmegine ýardam edýär.