Deýwid Bekhem FIFA-nyň prezidentligi ugrunda bäsleşip biler
Amul Info ·

⚽ Deýwid Bekhem FIFA-nyň prezidentligi ugrunda bäsleşip biler. «Inter Maýami» klubynyň egindeş eýesi resmi teklip we futbol birleşikleriniň goldawy bolan ýagdaýynda dalaşgär bolmaga taýýar. FIFA-nyň prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň mart aýynda geçiriler.
Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Deýwid Bekhem Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidentligine dalaşgärligini hödürläp biler. «Sky Sports» teleýaýlymynyň maglumatyna görä, «Inter Maýami» futbol klubynyň 51 ýaşly egindeş eýesi resmi teklip we futbol birleşikleriniň goldawy bolan ýagdaýynda saýlaw bäsleşigine gatnaşmaga taýýar.
Maglumatlara görä, Ýewropanyň futbol federasiýalary, şol sanda UEFA, FIFA-nyň häzirki prezidenti Janni Infantinonyň ornuna başga dalaşgär gözleýär. Infantino 2016-njy ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk edýär we ýene bir möhlete dalaşgärligini hödürlemegi meýilleşdirýär.
Bekhemiň dalaşgärligi futbol dünýäsinde giňden tanalmagy, korrupsiýa dawalary bilen baglanyşygynyň ýokdugy we Demirgazyk Amerikanyň «MLS» ligasynda dolandyryş tejribesini toplandygy bilen düşündirilýär.
Prezidentlige dalaşgär bolup biljek beýleki şahslaryň hatarynda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki oýunçysy Luis Figu, «Arsenal» klubunyň öňki tälimçisi Arsene Wenger, UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin we Norwegiýanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Lise Klaweness hem agzalýar.
FIFA-nyň prezident saýlawlarynyň 2027-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Dalaşgärleri hödürlemegiň soňky möhleti bolsa 2026-njy ýylyň 18-nji noýabrydyr. Häzirki wagtda bu wezipä resmi taýdan hasaba alnan ýeke-täk dalaşgär Janni Infantinodyr.