Iş söhbetdeşliginde goýberilýän iň uly 10 ýalňyşlyk
Amul Info ·

Hünärmenler işe alyş söhbetdeşliklerinde iň köp duş gelýän ýalňyşlyklary sanap geçdiler: gowşak el gysmakdan başlap, öňki iş ýeriňden nägile bolmaga we taýýarlyksyz barmaga çenli.
Iş söhbetdeşliginden üstünlikli geçmek diňe bir güýçli rezýume däl, eýsem ýörgünli ýalňyşlyklardan gaça durmagy hem talap edýär. Relektiring hünärmenleri dalaşgärleriň söhbetdeşlik wagtynda iň köp goýberýän 10 sany esasy ýalňyşlygyny belleýärler.
Olaryň hatarynda nädogry geýinmek, gowşak el gysmak, öňki iş berijileri ýamanlamak hem-de kompaniýa barada deslapky maglumat öwrenmezlik bar. Hünärmenler şeýle hem ilkinji duşuşykda ýeňillikler ýa-da keseller tölegleri barada soramazlygy, tolgunma sebäpli köp gürlemezligi we wagtynda barmagy maslahat berýärler. Kompaniýa bolan çynlakaý höwes we taýýarlyk ýüzlerçe bäsdeşiň arasyndan tapawutlanmaga kömek edýär.