«Turkish Airlines» Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede 18 gatnawy ýerine ýetirer

Amul Info · · asgabat, ashgabat

«Turkish Airlines» Aşgabat bilen Stambulyň arasynda hepdede 18 gatnawy ýerine ýetirer

Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Täze uçuş tertibi 2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket eder.

Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap, Aşgabat — Stambul (IST) — Aşgabat ugry boýunça hepdede 18 gatnawy amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi maglumatlarynda habar berilýär.

2026-njy ýylyň 25-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji martyna çenli hereket etjek uçuş tertibine laýyklykda, her gün iki ugur boýunça iki gezekden uçar gatnawy ýerine ýetiriler.

Stambuldan Aşgabada uçuşlar aşakdaky tertipde amala aşyrylar:

Aşgabatdan Stambula uçuşlaryň tertibi:

Mundan başga-da, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri goşmaça gatnawlar ýerine ýetiriler:

Goşmaça gatnawlar 2027-nji ýylyň 26-njy martyna çenli hereket eder. Uçuşlaryň ýola düşýän we gelýän wagtlary ýerli wagt boýunça görkezilýär.

Источник: Amul Info