Hytaý bilen KHDR-i täze söwda geçelgesi birleşdirýär
Amul Info ·

Hytaý bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky täze awtomobil köprüsi 15-nji oktýabrda ulanmaga berildi. Uzynlygy 3 kilometrden gowrak bolan köpri Ýalu derýasynyň üstünden geçip, Dandun we Sinýiju şäherlerini birleşdirýär. Täze geçelge iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny…
15-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasy bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan täze awtomobil köprüsi resmi taýdan ulanmaga berildi.
Uzynlygy 3 kilometr 26 metre deň bolan köpri Ýalu derýasynyň üstünden geçýär. Ol Hytaýyň serhetýaka Dandun şäherini KHDR-iň Sinýiju şäheri bilen birleşdirýär. Täze ulag geçelgesiniň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygyny giňeltmäge we serhetüsti logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermegine garaşylýar.
Köpriniň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara Dandun şäherinde geçirildi. Çärä ýüzlerçe adam gatnaşdy. Dabaranyň çäklerinde iki ýurduň döwlet baýdaklary we güller bilen bezelen ýük awtoulaglarynyň köprüden dabaraly geçişi başlandy.
Täze köpri Hytaý bilen KHDR-iň arasynda ulag gatnawyny ösdürmek, harytlaryň daşalmagyny ýeňilleşdirmek we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm infrastruktura desgasy hökmünde ähmiýete eýedir.