Ýaponiýaly hünärmenler Aşgabatda galyndylary gaýtadan işlemek ulgamyny öwrenýärler

Amul Info · · asgabat, ashgabat

Ýaponiýaly hünärmenler Aşgabatda galyndylary gaýtadan işlemek ulgamyny öwrenýärler

Ýaponiýanyň galyndylary dolandyrmak we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen «ADL» hem-de «Nippon Koei» kompaniýalarynyň hünärmenleri Aşgabat şäherine geldiler. Saparyň çäklerinde olar Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri bilen paýtagtyň galyndy poligonyna baryp, galyndylaryň…

Ýaponiýanyň galyndylary dolandyrmak we gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen «ADL» hem-de «Nippon Koei» kompaniýalarynyň hünärmenlerinden ybarat topar Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda habar berilýär.

Saparyň çäklerinde ýapon hünärmenleri we ilçihananyň wekilleri Aşgabat şäheriniň galyndylary ýerleşdirilýän poligonyna baryp gördüler. Olar paýtagtda emele gelýän galyndylaryň häzirki ýagdaýy, olaryň ýygnalyşy we ýerleşdirilişi bilen tanyşdylar.

Saparyň esasy maksady Ýaponiýanyň bu ugurda toplan tejribesini peýdalanmak arkaly Türkmenistanda galyndylary görnüşleri boýunça aýry-aýry ýygnamak we gaýtadan işlemek ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Ýaponiýada galyndylary görnüşlerine görä aýratynlykda bölmek we sortlamak düzgünlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme olaryň ep-esli bölegini gaýtadan ulanmaga mümkinçilik döredýär. Netijede, poligonlara iberilýän galyndylaryň möçberini azaltmak we daşky gurşawy goramak üçin şertler gowulanýar.

Ýaponiýaly hünärmenleriň sapary galyndylary dolandyrmak boýunça tejribe alyşmaga hem-de Aşgabatda ekologik taýdan durnukly çözgütleri ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Источник: Amul Info