Amazon öý howpsuzlygy üçin dron we robot-goragçyny tanyşdyrdy

Amul Info ·

Amazon öý howpsuzlygy üçin dron we robot-goragçyny tanyşdyrdy

Amazon öý howpsuzlygy üçin iki sany täze enjamy — Ring Drone Cam uçýan dronyny we Ring Rover Cam tigirli robotyny tanyşdyrdy. Emeli aň bilen dolandyrylýan dron 5–7 minut uçup bilýär, robot bolsa bir zarýad bilen 30 minut töweregi işleýär. Enjamlaryň bahasy degişlilikde 250 we 1 000 ABŞ dollary…

Amerikanyň Amazon kompaniýasy öýleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenen iki sany täze enjamy — uçýan Ring Drone Cam dronyny we tigirli Ring Rover Cam robotyny hödürledi. Täze enjamlar kompaniýanyň Ring howpsuzlyk ulgamynyň beýleki enjamlary bilen bilelikde işlemäge ukyplydyr.

Ring Drone Cam modeli ilkinji gezek 2020-nji ýylda yglan edilipdi, emma onuň satuwa çykarylmagy birnäçe gezek yza süýşürildi. «Bloomberg» neşiriniň habar bermegine görä, işläp taýýarlamak döwründe ýüze çykan tehniki kynçylyklar, şol sanda goşmaça datçikleriň batareýanyň agramyny artdyrmagy we uçuş durnuklylygyna täsir etmegi gijikmäniň esasy sebäpleriniň biri boldy.

Emeli aň tehnologiýasy bilen dolandyrylýan dron uçuş ugruny özbaşdak saýlaýar we Ring ulgamyna birikdirilen beýleki kameralardan gelýän duýduryşlara jogap berýär. Enjam batareýasynyň bir gezekki zarýady bilen 5–7 minut howada galyp bilýär. Şondan soň zarýad beriş bekedine dolanmaly bolýar. Şonuň üçin ol uzak wagtlap howa gözegçiligini amala aşyrmakdan has köp, gysga möhletli barlaglar üçin niýetlenendir.

Ulanyjy dronyň awtomatik uçuş tertibini öňünden sazlap bilýär. Bellenen wagtda enjam howa galyp, öýüň daş-töweregini aýlanýar we kameralardan, duýduryş hem-de beýleki Ring enjamlaryndan gelen habarlary barlaýar. Garaňkylykda işleýän LED çyralary bolsa nätanyş adamlary uzaklaşdyrmak üçin niýetlenendir. Dron howpsuz zolaklary we uçuş ugurlaryny özbaşdak kesgitleýär hem-de diňe jaýyň içinde ulanylýar.

Ring Drone Cam enjamynyň kamerasynyň görüş burçy 148 gradusa deň bolup, wideo 2K ölçeginde ýazga alynýar. Agramy 165 gram bolan dronyň bahasy 250 ABŞ dollary möçberinde kesgitlenildi. Onuň satuwynyň 2027-nji ýylyň ýanwarynda başlanmagyna garaşylýar.

Kompaniýanyň ikinji täze önümi bolan Ring Rover Cam bolsa 2023-nji ýylda hödürlenen, soňra 2024-nji ýylda satuwy bes edilen Astro robotynyň täzelenen görnüşidir. Tigirli robot özbaşdak hereket edip ýa-da öňünden kesgitlenen ugur boýunça gidip bilýär. Şeýle-de ulanyjy ony uzak aralykdan dolandyryp, jaýyň islendik otagyna gönükdirip biler. Ring ulgamynyň başga bir enjamynda howpsuzlyk duýduryşy işjeňleşende, robot degişli ýere awtomatik ýagdaýda hereket edýär.

Ring Rover Cam hereket edýän wagty 4K ölçeginde wideo ýazga alýar we şekili göni ýaýlymda görkezýär. Onuň periskop görnüşindäki kamerasy ýokaryk süýşürilip, beýikligi sazlanýar. Uly jaýlarda ýa-da giň otaglarda roboty tapmagy ýeňilleşdirmek üçin enjam potologa ýagtylyk şöhlelerini hem düşürýär. Şeýle-de onuň ekranynda wideo ýazgysynyň ýa-da göni ýaýlymyň alnyp barylýandygy baradaky ýaly ulgam habarnamalary görkezilýär.

Amazon kompaniýasynyň maglumatyna görä, robot bir gezekki zarýad bilen takmynan 30 minut işleýär we şu wagtyň dowamynda bir gatda ýerleşýän 500 inedördül metre golaý meýdany gözden geçirip bilýär. Köp gatly binalarda bolsa gözegçiligi guramak üçin birnäçe robotyň ýa-da goşmaça uçýan dronyň ulanylmagy zerur bolup biler.

Ring Rover Cam robotynyň bahasy 1 000 ABŞ dollary möçberinde kesgitlenildi. Enjamyň iberilişine 2026-njy ýylyň 16-njy dekabrynda başlamak meýilleşdirilýär.

«Bloomberg» neşiriniň synçylarynyň pikirine görä, bu robot diňe bir öýlerde däl, eýsem ammarlarda we beýleki uly iş meýdançalarynda gözegçiligi guramak üçin hem peýdaly bolup biler.

Источник: Amul Info