Saud Arabystanynyň CEER brendi ilkinji elektrik ulaglaryny görkezdi
Amul Info ·

Saud Arabystanynyň ilkinji awtoulag brendi bolan «CEER» kompaniýasy EXOBOT nyşanly ilkinji elektrik ulaglaryny köpçülige hödürledi. Täze ulaglaryň hatarynda EXOBOT sedany we ýolsuz ýerlerde hereket etmäge niýetlenen ulag bar. Olar kompaniýanyň ýakyn bäş ýylda öndürmegi meýilleşdirýän ýedi täze…
Saud Arabystanynyň ilkinji awtoulag brendi bolan «CEER» kompaniýasy özüniň EXOBOT nyşanly ilkinji elektrik ulaglarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Kompaniýanyň maglumatyna görä, Saud Arabystanynda işlenip taýýarlanan täze awtoulaglar ýokary halkara standartlaryna laýyklykda döredildi. EXOBOT sedany we ýolsuz ýerlerde hereket etmek üçin niýetlenen ulag kompaniýanyň ýakyn bäş ýylyň dowamynda öndürmegi meýilleşdirýän ýedi täze kysymynyň ilkinjileri bolup durýar.
«CEER» geljekde dürli görnüşli güýç gurnamalary bilen üpjün edilen orta göwrümli we ykjam awtoulaglaryň önümçiligini hem ýola goýmagy meýilleşdirýär.
«CEER» kompaniýasyny esaslandyran Saud Arabystanynyň Garaşsyz döwlet gaznasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy, Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy we Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud täze elektrik ulaglarynyň önümçilige çykarylmagynyň ýurtda durnukly we ösýän awtoulag senagatyny kemala getirmek ugrunda nobatdaky möhüm ädimdigini belledi.
Täze taslama Saud Arabystanynyň milli awtoulag önümçiligini ösdürmek we elektrik ulaglary pudagynda öz mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde durmuşa geçirilýär.