Türkmenistan Müsür Arap Respublikasyna täze ilçi belledi

Amul Info ·

Türkmenistan Müsür Arap Respublikasyna täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Muhammetgeldi Aýazowy Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi bolup işläp gelýärdi. Täze bellenmä laýyklykda,…

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Muhammetgeldi Aýazowy Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakynda resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow bu wezipä bellenilmezinden öň Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işleýärdi. Ol 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Er-Riýad şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilipdi.

Täze bellenmä laýyklykda, Muhammetgeldi Aýazow Saud Arabystanyndaky diplomatik işini dowam etdirmek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi wezipesini hem ýerine ýetirer.

Источник: Amul Info